ÝUNISEF Türkmenistanda durmuş hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmäge goldaw berýär


Aşgabatda işe täze kabul edilen durmuş ulgamynyň işgärleri we Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuşy taýdan goramak ministrliginiň hünärmenleri üçin durmuş işleriniň esaslary boýunça okuw sessiýalarynyň birnäçe tapgyry başlandy.
Okuw maksatnamasy Bolgariýanyň sosial işjeňlik we tejribe instituty tarapyndan BMG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Bilelikdäki Maksatnamasynyň çäklerinde ýerli derejede ýokary hilli durmuşy hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly durmuş goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça düzüldi.

Bilelikdäki maksatnama ýurtda durmuş hyzmatlarynyň üpjün ediliş ulgamynyň özgertmelerine gönükdirilendir we okuwlaryň birnäçe tapgyrynyň geçirilmegi bilen durmuş işgärleriniň mümkinçiliklerini pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar.
Okuwlar ÝUNICEF tarapyndan durmuş ulgamynyň we durmuş hyzmatlarynyň esasy düşünjesi, durmuş işiniň etiki ölçegleri bilen tanyş bolmak maksady bilen, şeýle hem durmuş işleri boýunça hünärmeniň hünär ygtyýarlyklary bilen tanyş bolmak üçin geçirilýär – diýip, guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň habarynda aýdylýar.
23-nji dekabra çenli dowam etjek okuwyň barşynda oňa gatnaşyjylar şahsy kömek bermek meýilnamasyny, şeýle hem gözegçilik astynda bolýanlar bilen ilkinji söhbetdeşligi geçirmegi özleşdireler. Okuwyň ikinji tapgyry indiki ýyl – 9-njy ýanwardan 13-nji ýanwara çenli geçiriler.
ORIENT habarlar
Surat: ÝUNISEF-ň Türkmenistandaky Wekilhanasy








