Ýakyn Gündogar has-da ýakynlaşýar – diplomatik simpoziumdan fotosuratlar


Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen-saud diplomatik gatnaşyklaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Duşuşyga Saud Arabystany Patyşalgynyň DIM-niň emir Saud Al-Feýsal adyndaky diplomatik barlaglar institutynyň professor mugallymlar düzüminiň wekilleri – Ali Mohammed Al-Karni,

Al-Marzoki Raja bin Munahi we ...

Mansur Mohammed Monji Al-Marzoki gatnaşdylar.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Geldimyradow,

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy Akmuhammet Jumagulyýew we ...

Bu ýokary okuw mekdebiň ykdysady gatnaşyklar kafedrasynyň uly mugallymy Perhat Çaryýew, şeýle hem ...

Strategik barlaglar merkeziniň uly ylmy işgäri Bekdurdy Amansaryýew wekilçilik etdiler.

Şeýle hem ara alyp maslahatlaşmalara mugallymlaryň we ýurdumyzyň myhmanlaryna gyzyklandyryp biljek sowallar bilen ýüz tutup bilen talyplaryň islendigi çagyryldy.
Tegelek stoluň mejlisiniň öňýanynda Halkara gatnaşyklary instituty bilen tanyşlyk gezelenji guraldy, şonuň dowamynda myhmanlara talyplaryň durmuşy, okuwy hem-de boş wagtlaryny geçirişleri barada, mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler hakynda gürrüň berildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça tegelek stoluň esasy meselesi syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar babatda ara alyp maslahatlaşyldy, şeýle hem halkara parahatçylgyny we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda Türkmenistanyň hem-de Saud Arabystanynyň eýeleýän ornunyň töwereginde guraldy.
Türkmenistanyň we Saud Arabystanynyň halklarynyň baryp uzak geçmişden bäri gatnaşyklary bolupdyr. Ýöne, garaşsyz Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda resmi diplomatik gatnaşyklaryň başlanan anyk senesi 1992-nji ýylyň 22-nji fewralydyr. Hut şol gün degişli Beýanata gol çekildi.

Tegelek stola gatnaşyjylar iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasynda medeni, ruhy, dini hem-de beýleki däpleriň durandygyny bellediler. Ýöne, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklary täze kuwwatly itergä eýe boldy.
Patyşalyk Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň hatarynda boldy hem-de onuň bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy, biraz soňra bolsa Aşgabatda Saud Arabystanynyň ilçihanasy açyldy.

Ýurtlaryň ikisini-de we olaryň halklaryny dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şol gatnaşyklar ýyl-ýyldan berkeýär hem-de ynanyşmak, hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilýär.
Iki döwletiň liderlerini birleşdirýän şahsy dostluk gatnaşyklary hem döwletara gatnaşylarynyň ösdürilmeginde uly orny eýeledi.

Ýakyn Gündogar we Türkmenistan täze köpugurly dünýäde, dogrudan-da, barha ýakynlaşýar. Şunda ýurtlar umumy ruhy gymmatlyklary hem-de halkara işlerinde eýeleýän ýörelgeleriniň ýakyn bolmagy bilen özara golaýlaşýarlar. Käbir döwletleriň beýleki ulgamlara garşy durmak babatda pikirdeşlerini gözleýän mahaly, biz hemmeler üçin oňat durmuşy gurmak üçin dostlary gözleýäris.

ORIENT news








