HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dubaýda geçirilen “Gulfood 2023” sergisinde türkmen kompaniýalarynyň önümleri görkezildi

Fewral 27, 2023 | 22:04 |7414
Azyk önümlerini öndürmekde ýöriteleşen türkmen kompaniýalary dünýäde iň iri "Gulfood 2023" sergisine, şeýle hem her ýyl 20-24-nji fewral aralygynda Dubaýda geçirilýän Pars aýlagy we Ýakyn Gündogar sebitinde azyk senagatynyň halkara sergisine gatnaşdylar.Azyk önümlerini öndürmekde ýöriteleşen türkmen kompaniýalary dünýäde iň iri "Gulfood 2023" sergisine, şeýle hem her ýyl 20-24-nji fewral aralygynda Dubaýda geçirilýän Pars aýlagy we Ýakyn Gündogar sebitinde azyk senagatynyň halkara sergisine gatnaşdylar.
Çeşme: Мой бизнес

Azyk önümlerini öndürmekde ýöriteleşen türkmen kompaniýalary dünýäde iň iri "Gulfood 2023" sergisine, şeýle hem her ýyl 20-24-nji fewral aralygynda Dubaýda geçirilýän Pars aýlagy we Ýakyn Gündogar sebitinde azyk senagatynyň halkara sergisine gatnaşdylar.

Türkmenistanda öndürilen önümler görkezilen pawilýon “Ýüpekçi” HJ, “Balam” konditer önümçiligi kompaniýasy, “Hasar” HJ, “Kämil market” dükanlar ulgamy, şeýle hem “Döwletli döwran” hususy kärhänasy gatnaşdylar – diýip, duşenbe güni resmi türkmen metbugaty habar berdi.

Telekeçiler konditer önümleri we içgiler ýaly azyk önümlerininiň dürli görnüşlerini tanyşdyrdylar. Afrikadan, Ýakyn Gündogardan, Merkezi Aziýadan, Hindistandan, Azerbaýjandan we Gruziýadan gelen telekeçiler “Ýüpekçi” kompaniýasynyň “Bold” atly witamin içgilerine gyzyklanma bildirdiler. “Ýüpekçi” şeýle-de, ýurdumyzyň stendiniň bezegi bolan “Bulvar” mineral suwlaryny, “Hoşal” we “Pökgi” atly miwe suwlaryny, “Buzz” sowuk çaýlary we “7gen” gazlandyrylan içgileri öndürýär.

“Gulfood” sergisine gatnaşmak ýurdumyzyň kärhanalaryna daşary ýurtlara eksporty giňeltmäge mümkinçilik berýär, telekeçiler sergide birnäçe işewür gepleşikleri geçirdiler.

"Gulfood 2023" halkara sergisi şu ýyl Dubaýda 28-nji gezek geçirildi. Oňa dünýäniň 125 ýurdundan 5000-den gowrak kompaniýa gatnaşdy, telekeçileriň arasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna barabar bolan geleşikler baglaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026