Türkmenistanyň Baştutany syýahatçylygy ösdürmek maksatnamasyny we sergi işiniň konsepsiýasyny kabul etdi


Wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanda syýahatçylygy we sergi çärelerini ösdürmäge gönükdirilen işler baradaky resminamanyň taslamasyny döwlet Baştutanyna hödürledi.
Ýurdumyzyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, maksatlary, meseleleri we olary gazanmak boýunça amaly ädimleri öz içine alýan «Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2024-2025- nji ýyllar üçin maksatnamasy» we «Türkmenistanyň halkara sergi çäreleriniň 2024-2025-nji ýyllar üçin konsepsiýasy» işlenip düzüldi.
Resminamalarda Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, Halkara sergiler edarasy we sergileri we forumlary geçirmek, tejribe alyşmak we syýahatçylyk işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak üçin gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýerine ýetirilen işler barada hasabaty makullap, «Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2024-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň halkara sergi çäreleriniň 2024-2025-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna» gol çekdi we ony tassyklady, şeýle hem resminamalarda görkezilen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin degişli tabşyryklary berdi.
ORIENT news








