

Özbegistanda Azerbaýjanyň Şuşa şäheri suratlandyrylan poçta markasy çykaryldy
Özbegistanda “Azerbaýjanyň gadymy Şuşa şäheri türk dünýäsiniň medeni paýtagtydyr” atly poçta markasy çap edildi. Özbegistandaky we Azerbaýjandaky muzeýlere, şeýle hem iki döwletiň we hökümetiniň wekillerine iberiler. Poçta markalaryny hödürlemek dabaralary Daşkende we Bakuwda geçiriler diýip, Geýdar Aliýew adyndaky Azerbaýjan medeni merkeziniň metbugat gullugy habar berýär.



















