HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Liwiýada bolup geçen suw joşgunynyň pidalary Türkmenistanda ýatlanyldy

Sentýabr 16, 2023 | 16:10 |6999
"Deniel" diýlip atlandyrylýan ýagyşly tupandan soň, 10-njy sentýabrda Liwiýanyň demirgazyk-gündogarynda, Ortaýer deňziniň kenaryna golaý sebitde 2 sany suw bendi ýaryldy."Deniel" diýlip atlandyrylýan ýagyşly tupandan soň, 10-njy sentýabrda Liwiýanyň demirgazyk-gündogarynda, Ortaýer deňziniň kenaryna golaý sebitde 2 sany suw bendi ýaryldy.
Çeşme: libyaakhbar.com

Liwiýa döwletinde bolup geçen weýrançylykly suw joşgunynyň pidalary Aşgabatda ýatlanyldy. Liwiýanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistandaky býurosynyň guramagynda geçirilen matam çäresine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar diýip, libyaakhbar.com neşiri mälim edýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary matam kitabynda Liwiýanyň halkyna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenleriň bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny ýazdy.

"Deniel" diýlip atlandyrylýan ýagyşly tupandan soň, 10-njy sentýabrda Liwiýanyň demirgazyk-gündogarynda, Ortaýer deňziniň kenaryna golaý sebitde 2 sany suw bendi ýaryldy. Bu zerarly Liwiýanyň birnäçe şäherleri we ilatly ýerleri suw joşgunynyň täsirinde galdy. Gyzyl Haç guramasynyň iň soňky maglumatlaryna görä, 11 müň adam aradan çykyp, 20 müň töweregi hem dereksiz ýitdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026