

Türkmenistanyň hünärmenleri energiýa tygşytlamak we energiýa netijeliligi boýunça halkara tejribesini öwrendiler
Mary şäherinde okuw seminary geçirildi. Onda Türkmenistanyň hünärmenleri energiýa tygşytlamak we energiýa netijeliligi, şeýle hem gaty hojalyk galyndylaryny alternatiw energiýa çeşmesi hökmünde ulanmak babatynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary işläp düzmekde halkara tejribesini öwrendiler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) habar berdi.



















