HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Howanyň üýtgemeginiň ýurduň we sebitiň suw üpjünçiligine edýän täsiri Türkmenistanyň suw hojalyk toplumynyň hünärmenleri tarapyndan geçiriljek ýörite seminarda öwreniler

Sentýabr 18, 2023 | 20:56 |8356
Türkmenistanda ýurdumyzyň suw hojalyk toplumynda zähmet çekýän hünärmenler üçin üç günlük seminarlaryň täze tapgyry başlandy. Okuwyň esasy maksady, daşky gurşaw meseleleri boýunça hünärmenleriň esasy bilimlerini “ýokarlandyrmak”, ýagny howanyň üýtgemeginiň suw baýlyklaryna sebit we milli derejede täsirini göz öňünde tutmakdyr. Şeýle hem, okuw maksatnamasynda hünärmenler Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna suw üpjünçiligi üçin uýgunlaşma çärelerini dogry we wagtynda ulanmak endiklerini öwrenerler.Türkmenistanda ýurdumyzyň suw hojalyk toplumynda zähmet çekýän hünärmenler üçin üç günlük seminarlaryň täze tapgyry başlandy. Okuwyň esasy maksady, daşky gurşaw meseleleri boýunça hünärmenleriň esasy bilimlerini “ýokarlandyrmak”, ýagny howanyň üýtgemeginiň suw baýlyklaryna sebit we milli derejede täsirini göz öňünde tutmakdyr. Şeýle hem, okuw maksatnamasynda hünärmenler Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna suw üpjünçiligi üçin uýgunlaşma çärelerini dogry we wagtynda ulanmak endiklerini öwrenerler.
Çeşme: BMGÖM

Türkmenistanda ýurdumyzyň suw hojalyk toplumynda zähmet çekýän hünärmenler üçin üç günlük seminarlaryň täze tapgyry başlandy. Okuwyň esasy maksady, daşky gurşaw meseleleri boýunça hünärmenleriň esasy bilimlerini “ýokarlandyrmak”, ýagny howanyň üýtgemeginiň suw baýlyklaryna sebit we milli derejede täsirini göz öňünde tutmakdyr. Şeýle hem, okuw maksatnamasynda hünärmenler Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna suw üpjünçiligi üçin uýgunlaşma çärelerini dogry we wagtynda ulanmak endiklerini öwrenerler.

Seminaryň “diňleýjileri” Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Oba hojalygy ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdirliginiň Daşoguz şäherindäki bölümçesiniň(AHHG) şäher we sebit bölümleriniň hünärmenleri bolar.

1 (29).JPG

Okuwyň gatnaşyjylary, Türkmenistanyň suw baýlyklaryny içgi we şäher suw üpjünçiliginde durnukly peýdalanmak, Türkmenistanda meteorologiki howa görkezijileriniň üýtgemegi we suwuň sarp edilişine, howanyň üýtgemeginiň oba hojalygynyň suwaryş düzgünine edýän täsiri, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak üçin gural ýaly innowasion ölçeg gurallary ýaly iň möhüm temalara serederler.

Forumyň dowamynda paýtagt we şäher häkimliginiň şäher hojalygynyň müdirliginiň “Aşgabatagyzsuw” önümçilik birleşiginiň wekilleri hapa suwlary arassalamak üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak boýunça işlerini hödürlediler. Arassalanan galyndylary we zeýkeş suwlaryny gaýtadan işlemek zerurlyklary üçin gaýtadan ulanmakda amaly tejribe paýlaşdylar.

Şeýle hem, seminara gatnaşyjylar Aşgabatdaky täze agyz suw zawodyna baryp gördüler we şäheriň ilatyny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek üçin döredilen suw arassalaýjy zawodyň önümçiligi bilen tanyşdylar. Paýtagtdaky bu suw zawody, günde 250 000 kub metr suw öndürmek üçin niýetlenen agyz suw kärhanalary we şäher guýulary ulgamynda dördünji orunda durýar. Bu paýtagtdaky ýeke aýlawly suw üpjünçilik ulgamynyň bir bölegidir.

2 (35).JPG

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Ýaşyl howa gaznasy (GCF) tarapyndan maliýe goldawynyň edilmeginde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş prosesini ösdürmek” taslamasynyň çäginde birnäçe okuwlar başlandy.

Bu okuwlar döwletara utgaşdyryjy suw komissiýasynyň Ylmy maglumat merkezi (SIK ICWC) we Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň ylmy maglumat merkezi (ICSD) AHHG bilen bilelikde guraldy. Bu institutlar, seminara gatnaşyjylara Türkmenistanda suw dolandyryşy pudagynda işleýän alymlaryň Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki ýurtlarynyň hünärmenleri bilen aragatnaşygyny berkitmek we hünärmenleriň arasynda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilik açýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026