Iň uzak ýaşaýanlaryň sany boýunça Ýaponiýa dünýäde birinji boldy


100 ýaşdan geçýän raýatlaryň sany boýunça Ýaponiýa dünýäde ýene birinji orny eýeledi. Ýurtda olaryň sany ýene bir ýarym müň köpelip, jemi 92 müň 192-ä deň boldy. Bu barada Ýaponiýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we durmuş abadançylygy ministrligi habar berýär.
100 ýaşdan geçýän raýatlaryň 89 göterimini zenanlar eýeleýär. Ýurduň iň garry zenan ýaşaýjysy 116 ýaşly Fusa Tasumi bolup, ol ýurduň Osaka şäherinde ýaşaýar. Iň garry erkek ýaşaýjy ýurduň Tiba prefekturasynda ýaşaýan 111 ýaşly Gisabura Sonobedir.
Ýaponiýada iň uzak ýaşaýan raýatlaryň sany 1963-nji ýyldan bäri yzygiderli artýar. Şol wagt ýaşy asyrdan geçýän raýatlaryň sany bary-ýogy 153 sany eken. Ýurtda garry ýaşaýjylaryň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak baradaky kanun kabul edilenden soň, olaryň sany yzygiderli ýokarlanypdyr.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda iň uzak ýaşly ýaşaýjy hem hasaba alnypdy. Mary welaýatynda ýaşan, 1900-nji ýylda doglan Ajapsoltan Hajiýewa uzak ýaşamagyň syrynyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň alnyp barylmagynda we köňül rahatlygynda görýändigini aýdypdy. Ol geçen ýyl 122 ýaşynda aradan çykdy. Megerem, ol soňky döwürde hasaba alnan dünýäniň iň uzak ýaşan adamydy.
ORIENT news








