Habarlar

"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" - "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" - "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti

"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" - "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti

"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň ýeke-täk agenti bolup çykyş edýän "Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti howa ulagy arkaly ýük daşamalaryň giň toplumyny hödürleýär. Paýdarlar jemgyýeti eýýäm birnäçe söwda we senagat kärhanalaryň, döwlet we halkara düzümleriniň ygtybarly hyzmatdaşy hem-de ulag-ekspeditor agentligi hökmünde giňden tanalýar.

BMGÖM we ÝHHG ýaşlaryň innowasiýa we döredijilik mümkinçilikleriniň ösmegine kömek edýärBMGÖM we ÝHHG ýaşlaryň innowasiýa we döredijilik mümkinçilikleriniň ösmegine kömek edýär

BMGÖM we ÝHHG ýaşlaryň innowasiýa we döredijilik mümkinçilikleriniň ösmegine kömek edýär

Aşgabat, 2023-nji ýylyň 21-nji sentýabry: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkezi bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 18-21-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde “Durnukly ykdysady ösüş: innowasiýa we senagatlaşma” atly ýokary tehnologiýa hepdeligini geçirýär.

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan dabara geçirildiAnkarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan dabara geçirildi

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan çäre, çarşenbe güni Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň we Türki dünýäsiniň Ýaşlar geňeşiniň goldawy bilen Ankarada geçirildi. Duşuşyga türkmenleriň we türk häkimiýetleriniň wekilleri, jemgyýetçilik, ylym we medeniýet wekilleri gatnaşdy diýip, türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.