HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ispaniýaly futbol kluby ýer titremesinde maşgalasyny ýitiren Marokkodan 14 ýaşly janköýerine kömek eder

Sentýabr 17, 2023 | 12:41 |6821
Real Madrid, maşgala agzalarynyň janyny alan aýylganç ýer titremesinden soň ýetim galan Marokkoly 14
ýaşly janköýeri Abdul Rahim Auhidi öz akademiýasyna kabul eder.Real Madrid, maşgala agzalarynyň janyny alan aýylganç ýer titremesinden soň ýetim galan Marokkoly 14
ýaşly janköýeri Abdul Rahim Auhidi öz akademiýasyna kabul eder.
Çeşme: news.rambler.ru

Real Madrid, maşgala agzalarynyň janyny alan aýylganç ýer titremesinden soň ýetim galan Marokkoly 14 ýaşly janköýeri Abdul Rahim Auhidi öz akademiýasyna kabul eder.

Abdul weýran bolan jaýynyň öňünde durup, Real Madrid futbolkasy bilen gözýaşlaryny süpürip, Saud Arabystanyň "Al Arabiya" teleýaýlymyna beren interwýusyndan soň bütin dünýä tanaldy. Onuň hekaýasy köp adamyň, şol sanda oglana kömek etmek haýyşy bilen sosial ulgamlar arkaly kluba ýüz tutan Real Madridiň janköýerleriniň hem ýüregini ejizletdi.

Real Madrid Abdulyň ykbalyna biperwaý galmady we ony teleýaýlym arkaly tapdy. Klub oňa Ispaniýa göçmegi we akademiýasynda okamagy teklip etdi.

Ýer titreme 8-nji sentýabrda giçlik 6.8 güýçde boldy. Dürli maglumatlara görä, onuň merkezi Marakeşden takmynan 70 km günorta tarap, Atlas daglarynda 11 km-den 18 km çuňlukda ýerleşýär. Ýer titremesi Marokkoda soňky 120 ýylda iň güýçli bolup, şeýle tebigy betbagtçylyklar Demirgazyk Afrikada seýrek bolýar.

Marokkodaky ýer titremesinde ölenleriň sany 2946 adam bolup, 5530 adam ýaralandy.

Real Madrid – betbagtçylykdan ejir çekenlere gynanjyny we goldawyny bildiren futbol klublaryndan biridir. Klub Marokkanyň halky bilen çuňňur aladalanýandygyny we raýdaşlygyny bildirip resmi beýannama ýaýratdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026