

Duşanbe şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
12-nji ýanwarda, Täjigistanyň paýtagtyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynda Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy şeýle hem, Türkmenistanda şu ýylyň şygarynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip, atlandyrylmagy mynasybetli tegelek stol geçirildi.



















