HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystan Türki döwletleriň maýa goýum gaznasyny döretmek baradaky ylalaşygy tassyklady

Ýanwar 13, 2024 | 12:15 |7349
Türki döwletleriň maýa goýum gaznasynyň ygtyýarly maýasy 500 million dollar bolar. Ony her biriniň bahasy 50 000 dollar bolan 10 müň sany paýnama bölmek göz öňünde tutulýar.Türki döwletleriň maýa goýum gaznasynyň ygtyýarly maýasy 500 million dollar bolar. Ony her biriniň bahasy 50 000 dollar bolan 10 müň sany paýnama bölmek göz öňünde tutulýar.
Çeşme: aa.com.tr

Gyrgyzystan Türki döwletleriň maýa goýum gaznasyny döretmek baradaky ylalaşygy tassyklady.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 2023-nji ýylyň 16-njy martynda kabul edilen Türki döwletleriň maýa goýum gaznasyny döretmek baradaky ylalaşygy tassyklamak hakynda Kanuna gol çekdi.

Bu Kanun Gyrgyzystanyň parlamenti tarapyndan geçen ýylyň 6-njy dekabrynda kabul edilipdi. Resminam Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň arasynda sebitara söwdany giňeltmek we ykdysady işjeňlige goldaw bermek arkaly ykdysady ösüşi gazanmagy maksat edinýär.

Türki döwletleriň maýa goýum gaznasynyň ygtyýarly maýasy 500 million dollar bolar. Ony her biriniň bahasy 50 000 dollar bolan 10 müň sany paýnama bölmek göz öňünde tutulýar.

Gazna Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlarda ileri tutulýan taslamalary maliýeleşdirmek üçin çeşme bolup hyzmat eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026