Türkmenistanda polat turbalary öndürýän kärhana gurlar


Türkmenistanyň Prezidenti anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet we hususy düzümleriň gatnaşmagyndaky dürli ölçegdäki polat turbalary öndürjek täze, döwrebap bilelikdäki kärhanany döretmek hakynda teklibi makullady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedowyň hasabatynda bellenişine görä, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu işlere telekeçilik düzümleriniň wekilleri hem işjeň çekilýär.
Dürli ölçegdäki polat turbalary öndürýän kärhanany döretmek Türkmenistanyň energetika bazarynyň dürli ugurlar boýunça daşary ýurtlara iberilişiniň yzygiderli artýan häzirki döwründe has-da möhümdir.
ORIENT news








