HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatdaky «Aile» maşgala kafeterisinde çagalar üçin kagyz şüweleňi guraldy

Ýanwar 13, 2024 | 08:45 |5559
Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän «Aile» maşgala kafeterisi ýaňy-ýakynda açylandygyna garamazdan, eýýäm paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň göwnünden turmagy başardy.Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän «Aile» maşgala kafeterisi ýaňy-ýakynda açylandygyna garamazdan, eýýäm paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň göwnünden turmagy başardy.
Çeşme: orient.tm

Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän «Aile» maşgala kafeterisi ýaňy-ýakynda açylandygyna garamazdan, eýýäm paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň göwnünden turmagy başardy.

«Ailede» datly tagamlardan datmak bilen bir hatarda, öz ýakynlaryň bilen wagtyňy şadyýan geçirmek üçin hem ähli mümkinçilikler bar.

Bu ýerde uly ýaşlylar üçin bolşy ýaly, çagalar üçin hem dürli çäreler, şüweleňler, oýunlar, ussatlyk sapaklary geçirilýär.

Şolaryň biri hem, çagalar üçin kagyz şüweleňidir. Ol ýaňy-ýakynda gyşky dynç alyş möwsüminde geçirildi.

Dürli bäsleşikler bilen utgaşyklykda geçirilen bu şüweleň çagalara we olaryň ene-atalaryna ýatdan çykmajak pursatlary paýlady.

14-nji ýanwarda «Aile» sizi Garri Potter baradaky filmiň esasynda guralýan kwest-oýna çagyrýar. Çagalara aň-paýhas oýny we sabyn köpürjikleriniň diskotekasy garaşýar.

Kafeniň salgysy: Bitaraplyk şaýoly, «Elektronka Dünýasi» binasy. Giriş howludan.

Petekleri öňünden sargyt etmek üçin telefon belgileri: 95-00-40, (+993 61) 81-37-53

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026