

Türkmen ilçisi Niderlandlaryň Patyşasynyň Täze ýyl mynasybetli kabul edilşigine gatnaşdy
Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekili Sapar Pälwanow Niderlandlaryň Patyşasynyň Täze ýyl mynasybetli maşgala kabul edilşigine gatnaşdy.


Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekili Sapar Pälwanow Niderlandlaryň Patyşasynyň Täze ýyl mynasybetli maşgala kabul edilşigine gatnaşdy.


Özbegistan – dünýädäki «deňze iki esse çykalgasy bolmadyk», ýagny Dünýä ummanyna çykmak üçin azyndan iki döwletiň üstünden geçmeli iki ýurduň biridir. Şonuň üçin häzirki wagtda Özbegistanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň 2035-nji ýyla çenli Strategiýasynda ýerli ýükleriň deňiz portlaryna has tiz çykmagy üçin ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn üns berilýär.


2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Içeri işleri boýunça Döwlet ministri Şeýh Abdulaziz bin Faisal bin Mohammed Al Tani bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Katar Döwletindäki diplomatik wekilhanasy habar berýär.


Gazagystanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda (ŞHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde Ekologiýa ýylyna badalga berildi.


Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň 15 – 17-nji ýanwarda Merkezi Aziýa döwletlerine bolan saparynyň jemlerine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde metbugat brifingi geçirildi.


PricewaterhouseCoopers (PwC) halkara maslahat beriş korporasiýasy 2024-nji ýylda işgärleriniň ýerini emeli intellekt çalyşjak pudaklary mälim etdi.


Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde saýlawlaryň öňýanyndaky wagyz ediş çäreleri 17-nji fewralda başlaýar we 14-nji marta çenli dowam edýär.


BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy “SPEKA sebitindäki geçiji ykdysadyýetli ýurtlar üçin täze innowasion syýasat” atly täze gollanma neşirini çap etdi.


17-nji ýanwarda daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas bilen duşuşyk geçirdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow 17-nji ýanwarda Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanyna Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we ÝB-niň Türkmenistan bilen dialogy giňeltmäge isleg bildirýändigini mälim etdi.


16-njy ýanwarda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazarda polipropilen ýerlenildi.


Ýewropa Parlamentiniň deputatlary Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) 2019-njy ýylda kabul eden Merkezi Aziýa strategiýasyna gaýtadan seretmek boýunça karar kabul etdiler.


Sişenbe güni, 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçihanasynda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Maglumat sessiýasyna Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň agzalary, Nyzami Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň alymlary, etnologlar we Azerbaýjanyň ÝOM-de okaýan Türkmenistanyň talyplary gatnaşdy.


Türkmenistanyň milli aragatnaşyk agentligi (Türkmenaragatnaşyk) we “Türkmen hemrasy” milli hemra aragatnaşyk operatory resmi hyzmatdaşlary hökmünde 2024-nji ýylyň 24-26-njy aprelinde Türkiýäniň Ankara şäherinde geçiriljek halkara kosmos tehnologiýasy maslahatyny goldady.


Türkmenistanyň Rimdäki ilçisi Toýly Kömekow duşenbe güni Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli bilen duşuşdy.