HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan Hazar deňzine çykmagyň ugurlary ösdürýär

Ýanwar 18, 2024 | 11:37 |9165
Özbegistan – dünýädäki «deňze iki esse çykalgasy bolmadyk», ýagny Dünýä ummanyna çykmak üçin azyndan iki döwletiň üstünden geçmeli iki ýurduň biridir. Şonuň üçin häzirki wagtda Özbegistanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň 2035-nji ýyla çenli Strategiýasynda ýerli ýükleriň deňiz portlaryna has tiz çykmagy üçin ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn üns berilýär.Özbegistan – dünýädäki «deňze iki esse çykalgasy bolmadyk», ýagny Dünýä ummanyna çykmak üçin azyndan iki döwletiň üstünden geçmeli iki ýurduň biridir. Şonuň üçin häzirki wagtda Özbegistanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň 2035-nji ýyla çenli Strategiýasynda ýerli ýükleriň deňiz portlaryna has tiz çykmagy üçin ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn üns berilýär.
Çeşme: Canva

Özbegistan – dünýädäki «deňze iki esse çykalgasy bolmadyk», ýagny Dünýä ummanyna çykmak üçin azyndan iki döwletiň üstünden geçmeli iki ýurduň biridir. Şonuň üçin häzirki wagtda Özbegistanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň 2035-nji ýyla çenli Strategiýasynda ýerli ýükleriň deňiz portlaryna has tiz çykmagy üçin ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn üns berilýär.

Bu barada Vesti.uz neşiri habar berýär.

Bu ugurda ilkinji ädim 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Daşkent şäherinde geçirilen ŞHG-ä agza ýurtlaryň Birinji ulag forumynyň çäklerinde durmuşa geçirildi. Şonda Russiýa – Hazar deňzi – Türkmenistan – Özbegistan – Gyrgyzystan halkara multimodal ulag geçelgesiniň döretmek we ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Munuň özi Özbegistana Azerbaýjanyň, Eýranyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä çenli logistika zynjyrlaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

«Hazar-Ýewraziýa» Halkara we jemgyýetçilik-syýasy gözlegler merkezinden Aleksandr Alekseýew: «Özbek satuw bazary, GDA-nyň ölçegleri boýunça uly bolsa-da, çäksiz däl. Eksporty ösdürmek örän möhüm. Emma Özbegistan, sözüň doly manysynda, sähralar we çöller, geçip bolmaýan daglar bilen gurşalan bolsa näme etmeli? Ýeke-täk çykalga bar – daşary ýurt bazarlaryna çykýan täze ýollary gözlemekde we döretmekde goňşular bilen, Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Eýran, Päkistan we Zakawkaziýe ýaly iň iri hyzmatdaşlar bilen tagallalary birleşdirmeli » diýip belledi.

Häzirki wagtda Gazagystandan aýlanyp, Hazar deňziniň üstünden geçýän ugry ýola goýmak wezipesi ýüze çykýar. Bu, birinjiden, Gazagystan bilen serhetde döreýän dyknyşyklardan gaça durmaga, ikinjiden, ýük akymlarynyň bir bölegini Astrakanyň we Mahaçkalanyň portlaryna geçirmäge mümkinçilik berer. Bu geçelge harytlary Özbegistandan Russiýa ibermek üçin iň gysga we girdejili ugurdyr.

Hünärmenler Özbegistanyň täze ulag geçelgelerine öz wagtynda goşulyp, tutuş Merkezi Aziýa üçin üstaşyr geçiriji ýurda öwrülse, diňe peýda görjekdigini belleýärler. Munuň özi döwletiň girdejileriniň artmagyny, täze iş orunlarynyň sanynyň we ilatyň abadançylygynyň ýokarlanmagyny kepillendirýär.

Ýatlatsak, soňky ýyllarda Russiýa bilen söwda dolanyşygynyň ösüşi 26,5% (8,3 milliard dollara çenli) ýokarlandy. Mundan başga-da, Özbegistandan harytlaryň eksporty 50% artdy we görlüp-eşidilmedik 2,8 milliard dollara ýetdi!

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026