HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa Parlamenti ÝB-niň Merkezi Aziýa strategiýasyna gaýtadan seretmek boýunça karar kabul etdi

Ýanwar 17, 2024 | 21:00 |8798
Ýewropa Parlamentiniň deputatlary Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) 2019-njy ýylda kabul eden Merkezi Aziýa strategiýasyna gaýtadan seretmek boýunça karar kabul etdiler.Ýewropa Parlamentiniň deputatlary Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) 2019-njy ýylda kabul eden Merkezi Aziýa strategiýasyna gaýtadan seretmek boýunça karar kabul etdiler.
Çeşme: europarl.europa.eu

Ýewropa Parlamentiniň deputatlary Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) 2019-njy ýylda kabul eden Merkezi Aziýa strategiýasyna gaýtadan seretmek boýunça karar kabul etdiler.

Çarşenbe güni Strasburgda geçirilen ýygnanyşykda parlamentiň 543 deputaty bu karary goldady, 42-si garşy ses berdi, 44-si bolsa saklandy. Bu karar Ýewropa Bileleşiginiň döwletlerini Merkezi Aziýa ýurtlary bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrýar.

Resminamada bellenişi ýaly, Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi üçin howpsuzlyk we ulag ugurlary, şeýle hem energiýa çeşmelerini diwersifikasiýa etmek, netijeli söwda ugurlaryny ösdürmek babatda strategik taýdan möhüm sebitdir. Mundan başga-da, iki sebitiň howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda möhüm umumy gyzyklanmalary we maksatlary bar.

Kabul edilen resminama Merkezi Aziýa sebitiniň geostrategiki ähmiýetini göz öňünde tutup, Ýewropa ýurtlaryny bu sebitiň döwletleri bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, syýasy-ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem infrastrukturalara, hususan-da Orta geçelge ugry boýunça maýa goýum işjeňligini artdyrmaga çagyrýar. Merkezi Aziýa döwletlerinde, esasanam Orta Koridorda infrastrukturany ösdürmäge maýa goýumlaryny goldaýan banklar.

Deputatlar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen parlament hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny bellediler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026