

Türkmenistanda köp çagaly eneler sylaglanyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sekiz we şondan köp çagany ösdürip ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sekiz we şondan köp çagany ösdürip ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.


2024-nji ýylyň 7-nji martynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekiliýetiniň Türkmenistana bolan iş saparynyň dowamynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda milli ýük daşaýjy operatorlary, logistleri bilen ýurdumyzyň üstünden geçýän ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmek boýunça türkmen demirýolçulary bilen geçelgeleriň geljegi boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdylar.


2024-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň binasynda ilçi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim türkmen talyplary we Türkmenistanyň raýatlary bilen duşuşyk geçirdi.


"Uzbekiston temir ýullari" paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Zufar Narzullaýewiň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýetiň 5-6-njy martda Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň dowamynda "Türkmendemirýollary" agentliginiň başlygy Azat Atamyradow bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy.


Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde awtoulag serişdeleriniň ekologiki anyklaýyşy boýunça döwrebap merkez işe girizildi. Bu barada «Podrobno.uz» habarlar agentligi habar berýär.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi penşenbe güni 4-6-njy marty aralygynda Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Owganystanda öndürilen önümleriň sergisine, işewürlik forumyna we türkmen-owgan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek üçin guralan beýleki çärelere gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana amala aşyran sapary barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumaty köpçülige ýetirdi.


2023-nji ýylda Russiýa halallyk hakynda hususy döwlet standartlaryny girizen dünýädäki ilkinji yslam däl ýurtlaryň birine öwrüldi. Noýabr aýynda Russiýanyň halallyk güwänamalary eýýäm Pars aýlagynyň ýurtlarynda ykrar edildi. Munuň özi Russiýa Federasiýasyndan BAE, Saud Arabystanyna, Bahreýne, Kuweýte, Omana, Katara we Ýemene, soňlugy bilen bolsa Ýakyn Gündogaryň, Aziýanyň we Afrikanyň beýleki ýurtlaryna önümleriň iberilmegini aňsatlaşdyrar.


2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalarynyň, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyjylaryň hem-de ýurdumyzyň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Magtymgulynyň hoşniýetli goňşuçylyk baradaky şygyrlaryna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty» atly onlaýn test bäsleşigi geçirildi.


Türkmenistanyň ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň Prahow oblastynyň Söwda-senagat palatasynyň prezidenti bilen duşuşdy. Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri geçirilen gepleşikleriň esasy mazmunyny düzdi.


Ilçi Annamämmet Annaýewiň Rumyniýanyň milli bilim ministriniň orunbasary Ionel-Florian Liksandra bilen bolan duşuşygynda bilim ulgamynda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy.


Ilçi Nury Gölliýew Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri Altynbek Maksutow bilen duşuşdy.


Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çarşenbe güni geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi.


Ilçi Maksat Çaryýew 24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma degişli düzümleriň gatnaşmagy bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak üçin Halkara energetika agentliginiň ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ilçileriniň RF-iň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga daşary ýurtlaryň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň, Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň, Musulmanlaryň din işleri boýunça müdirliginiň, şeýle hem beýleki dini birleşikleriň wekilleri gatnaşdylar.


2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory Jaba Samuşiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.