

Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Brýusselde şygyr çellenji - dowamy
Brýusseldäki Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan açylan Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen şygyr okamak ýaryşy ýewropaly diplomatlaryň ünsünden düşmedi.


Brýusseldäki Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan açylan Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen şygyr okamak ýaryşy ýewropaly diplomatlaryň ünsünden düşmedi.


Lançžou uniwersitetiniň Türkmenistan boýunça ylmy-barlag merkeziniň professory Wan Şihaý türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Antalýa Diplomatiýa forumynda eden çykyşyny hytaý diline terjime etdi.


«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň (INSTC) peýda bolmagy we Demirgazyk deňiz ýolunyň giňemegi Ýewraziýada ýük daşamalarynda täze özgertmeleri aňladýar hem-de Sues kanaly ýaly adaty deňiz ýollaryna täsirli alternatiwany hödürleýär.


Gyrgyzystanda açyk deslapky kodly hususy operasion ulgamy işlenilip düzülýär. Munuň özi «Tonk Aziýa» gyrgyz kompaniýasy bilen Russiýanyň «Bazalt SPO» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugruna öwrüler.


«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mejlisler zalynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan güneşli Diýarymyzyň durmuşynyň bezegi bolan zenanlara pul sowgatlary hem-de gül çemenleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary amala aşyrdylar.


Lebap welaýatynda ýerleşýän 27 sany lukmançylyk barlaghanasy häzirki zaman enjamlary bilen doly enjamlaşdyryldy.


Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden bolan deň-duşlary bilen Hindistanyň Hökümeti tarapyndan taýýarlanylan giň gerimli çärelere gatnaşmak üçin Hindistana bardylar.


Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýetiniň Kazan şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Kazanyň A.N.Tupolýew adyndaky Milli barlag-tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri mälim edildi.


Kanadanyň Türkmenistandaky, Gazagystandaky, Özbegistandaky we Täjigistandaky diplomatik wekilhanasy “CFLI” maksatnamasynyň çäklerinde uly bolmadyk ýokary netijeli taslamalaryň bäsleşigini yglan edýär.


Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýewiň, beýleki diplomatlaryň, Kiýewiň Sýatoşinsk etrabynyň ýolbaşçylarynyň, bu ýurtda ýaşaýan we bilim alýan türkmenleriň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli medeni-şahyrana çäre geçirildi.


Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň netijelerine bagyşlanyp, 5-nji martda Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn mejlis geçirildi.


Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministriniň Maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badr iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi. Sişenbe güni ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde edaranyň ýolbaşçysy Raşid Meredow kabul etdi.


Sişenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri Guramanyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdylar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji martda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidi kabul etdi.