HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda awtoulag serişdeleriniň ekologiki anyklaýyşy boýunça döwrebap merkez işe girizildi

Mart 07, 2024 | 14:12 |5892
Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde awtoulag serişdeleriniň ekologiki anyklaýyşy boýunça döwrebap merkez işe girizildi. Bu barada «Podrobno.uz» habarlar agentligi habar berýär.Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde awtoulag serişdeleriniň ekologiki anyklaýyşy boýunça döwrebap merkez işe girizildi. Bu barada «Podrobno.uz» habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme: podrobno.uz

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde awtoulag serişdeleriniň ekologiki anyklaýyşy boýunça döwrebap merkez işe girizildi. Bu barada «Podrobno.uz» habarlar agentligi habar berýär.

Merkezde döwlet belgilerini we hasaba alyş şahadatnamalarynyň berilmegi bilen bir hatarda, awtoulag serişdeleriniň bölüp çykarýan zyýanly maddalarynyň möçberi barlanar. Ekologiýa barlagynyň netijelerine baglylykda, ulagyň maňlaý aýnasyna RFID çipli gyzyl, sary ýa-da ýaşyl reňkli bellik ýelmener.

Şeýlelik bilen, indi ulagy hasaba almak işleri bary-ýogy üç tapgyrda amala aşyrylar. Ozal bu amallar alty-ýedi-ýedi tapgyrda geçirilýärdi.

Häzirki ýagdaýlardan ugur alnyp, geljekde şäheriň çäklerini birnäçe ekologiýa zolaklaryna bölmek meýilleşdirilýär. Belliginiň reňkine görä, bu zolaklara ulag serişdeleriniň girmegi çäklendiriler. Rugsatnamasy bolmadyk ulaglar üçin ekologiýa zolaklaryna girmeklik awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylar.

Merkezleriň işi guralanda Germaniýa, Belgiýa, Fransiýa ýaly ýurtlaryň daşky gurşawy goramak ulgamynda gazanan öňdebaryjy tejribeleri göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem tutuş Özbegistan boýunça 100-e golaý awtomatiki howa gözegçilik stansiýalaryny guramak, 84 sany bellige alyş-anyklaýyş merkezlerini döwrebaplaşdyrmak, Ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugynyň etrap bölümleriniň 216-syny häzirki zaman anyklaýyş enjamlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.

Öz gezeginde, ilat tarapyndan elektrik ulaglarynyň satyn alynmagyny höweslendirmek boýunça amaly çäreler durmuşa geçiriler. Bu çäreleriň biri hem awtoulaglaryň görnüşine döwlet belgleriniň berilmegi üçin tölegiň mukdarynyň azaldylmagy bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026