HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Halkara energetika agentligi hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär

Mart 07, 2024 | 10:00 |8603
Ilçi Maksat Çaryýew 24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma degişli düzümleriň gatnaşmagy bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak üçin Halkara energetika agentliginiň ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen duşuşdy.Ilçi Maksat Çaryýew 24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma degişli düzümleriň gatnaşmagy bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak üçin Halkara energetika agentliginiň ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy

Ilçi Maksat Çaryýew 24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma degişli düzümleriň gatnaşmagy bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak üçin Halkara energetika agentliginiň ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen duşuşdy.

Maýa goýum forumynyň çäklerinde iri energetka, gurluşyk we ulag-telekommunikasiýa kompaniýalarynyň, şeýle hem maliýe düzümleriniň wekilleriniň dünýä energetikasynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny we degişli aýa goýumlary çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdygy bellendi.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Halkara energetika agentliginiň ýerine ýetiriji direktoryna resmi çakylygy gowşurdy hem-de ýokary derejeli myhmanyň degişli çärä gatnaşmagynyň ýurduň ýangyç-energetika hyzmatdaşlygy ugrundaky başlangyçlaryny baýlaşdyrjakdygyny belledi.

Fatih Birol çakylyk üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagynyň ähmiýetini belledi. Ol şeýle hem Halkara energetika agentliginiň energetika pudagyny ösdürmek üçin maýadarlary tapmakda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026