HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystan bilelikde medeni-ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Mart 07, 2024 | 10:13 |4592
Ilçi Nury Gölliýew Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri Altynbek Maksutow bilen duşuşdy.Ilçi Nury Gölliýew Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri Altynbek Maksutow bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçihanasy

Ilçi Nury Gölliýew Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministri Altynbek Maksutow bilen duşuşdy. Onda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bişkek şäherindäki ilçihanasy habar berýär.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Gyrgyzystanyň wekiliýetini we medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrini Magtygulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi bilen bagly Türkmenistanda geçiriljek çärelere işjeň gatnaşamaga çagyrdy.

Dostlukly döwletiň ministri ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen bilelikdäki medeni-ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etämeg taýýardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen ilçisi Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Şunda sport ulgamynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridig bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026