

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
30-njy aprelde Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň esasy mowzugy 2026-njy ýyl üçin niýetlenen giň gerimli bilelikdäki iş meýilnamasyny durmuşa geçirmek we türkmen sungatyny ählumumy türki dünýäsinde ilerletmek boldy



















