HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Çagalaryň bilim almagyna gönükdirilen maksatly maýa goýumlar üçin seljeriş «optikasy»

Iýul 25, 2026 | 06:32 |2617
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda amaly okuw maslahaty geçirildi. Duşuşygyň esasy temasy maglumatlaryň uly toplumlaryny bilim ulgamyndaky anyk döwlet çözgütlerine we maksatly maýa goýumlara öwürmäge mümkinçilik berýän MICS-EAGLE atly global seljeriş ulgamyny iş ýüzünde ulanmak boldyAşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda amaly okuw maslahaty geçirildi. Duşuşygyň esasy temasy maglumatlaryň uly toplumlaryny bilim ulgamyndaky anyk döwlet çözgütlerine we maksatly maýa goýumlara öwürmäge mümkinçilik berýän MICS-EAGLE atly global seljeriş ulgamyny iş ýüzünde ulanmak boldy
Çeşme: UNICEF in Turkmenistan

JEMGYÝET, 23-nji iýul | ORIENT. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda amaly okuw maslahaty geçirildi. Duşuşygyň esasy temasy maglumatlaryň uly toplumlaryny bilim ulgamyndaky anyk döwlet çözgütlerine we maksatly maýa goýumlara öwürmäge mümkinçilik berýän MICS-EAGLE atly global seljeriş ulgamyny iş ýüzünde ulanmak boldy.

Seminara Mejlisiň deputatlary, esasy ministrlikleriň — Bilim, Saglygy goraýyş, Maliýe, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň wekilleri, şeýle hem Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyň işgärleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň düzümi toplumlaýyn-strategik çemeleşmäniň bardygyny görkezýär: MICS maglumatlary diňe bir hasabat hökmünde däl-de, eýsem maşgala we çagalyk ulgamyny goldamak boýunça durmuş syýasatyny kemala getirmek üçin subutnamalara esaslanýan maglumat binýady hökmünde garalýar. Bu barada ORIENT yzygiderli habar berýär.

turkmenistan-unicef-targeted-investments-children-education-2026 (2).JPG

MICS-EAGLE usulyýetiniň kömegi bilen bilermenler möhüm görkezijileri seljerdiler. Olaryň arasynda başlangyç synp okuwçylarynyň okamak we hasaplamak boýunça esasy endikleri, ýaşlaryň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary (IKT) boýunça başarnyklary, şeýle hem çagalaryň mekdebe taýýarlyk derejesi ýaly ugurlar bar.

Şeýle jikme-jik (bölünip seljerilen) seljermäniň esasy ähmiýeti — dürli toparlara degişli çagalaryň arasynda bilim derejesindäki tapawutlary ýüze çykarmak we olaryň öňündäki görünmeýän päsgelçilikleri anyk kesgitlemek mümkinçiligidir.

Seminaryň amaly bölümi seljeriş ýazgylaryny taýýarlamaga bagyşlandy. Bu resminamalar býujet serişdelerini her bir çaganyň sazlaşykly ösüşi üçin iň ýokary netijäni berjek ugurlara gönükdirmäge mümkinçilik berer.

turkmenistan-unicef-targeted-investments-children-education-2026 (1).JPG

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026