HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambulda 60-njy Halkara IJS zergärçilik sergisi geçiriler

Iýul 24, 2026 | 23:55 |1842
30-njy sentýabrdan 3-nji oktýabra çenli Stambulyň Sergiler merkezinde ýubileý 60-njy Halkara IJS Istanbul Jewelry Show zergärçilik sergisi geçiriler30-njy sentýabrdan 3-nji oktýabra çenli Stambulyň Sergiler merkezinde ýubileý 60-njy Halkara IJS Istanbul Jewelry Show zergärçilik sergisi geçiriler
Çeşme: istanbuljewelryshow.com

30-njy sentýabrdan 3-nji oktýabra çenli Stambulyň Sergiler merkezinde ýubileý 60-njy Halkara IJS Istanbul Jewelry Show zergärçilik sergisi geçiriler. Çäre dünýäniň öňdebaryjy brendlerini, öndürijilerini, dizaýnerlerini we gymmat bahaly şaý-sepleriň lomaý alyjylaryny bir ýere jemlär.

IJS sergisi 1986-njy ýyldan bäri geçirilip gelýär we dünýäniň iň iri bäş zergärçilik çäresiniň biri hasaplanýar. Ol GDA ýurtlary, Gündogar Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika sebitleriniň hünärmenleri üçin esasy işewürlik meýdançasy bolup hyzmat edýär. Gatnaşyjylar altyn we kümüş şaý-sepleriň täze kolleksiýalary, gymmat bahaly daşlar, şeýle hem zergärçilik önümçiligi üçin döwrebap tehnologiýalar we enjamlar bilen tanyşyp bilerler.

Ýubileý sergisi Türkiýäniň zergärçilik pudagynyň önümçilik we sergi mümkinçiliklerini giňden görkezer. Telekeçiler we satyn alyjylar üçin bu öndürijiler bilen göni aragatnaşyk gurmaga, özara bähbitli şertnamalary baglaşmaga we pudagyň iň täze ugurlary bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik bolar.

Çäre barada has giňişleýin maglumat serginiň resmi web sahypasynda elýeterlidir www.istanbuljewelryshow.com.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026