TDHÇMB bilen Türkiýäniň Söwda palatalarynyň birleşigi birža hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýärler


BIZNES, 23-nji iýul | ORIENT. Ankarada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) ýolbaşçylary bilen Türkiýäniň Söwda palatalary we haryt biržalary birleşiginiň (TOBB) arasynda gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň orunbasary Ýusup Amansaryýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet TOBB-nyň prezidenti Mustafa Rifat Hisarjyklyogly bilen türk işewürler birleşiginiň baş edarasynda duşuşdy. Taraplar söwda kuwwatyny artdyrmak, bankara we birža hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni B2B gatnaşyklaryny höweslendirmek üçin täze mehanizmleri döretmek meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.
Mustafa Rifat Hisarjyklyogly türkmen tarapyna sapary üçin hoşallyk bildirip, TOBB-nyň söwda meýdançalarynyň integrasiýasyna, birža söwdasyny sanlylaşdyrmak babatda öňdebaryjy tejribäniň alyşylmagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Ankaradaky duşuşyk özara söwda dolanyşygyny artdyrmak we türkmen önümleriniň Türkiýäniň hem-de Ýewropa bazarlaryna eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.
Iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Türkiýäniň Haryt biržasynyň (TÜRİB) elektron ammar şahadatnamalaryny ornaşdyrmak hem-de birža ulgamynda sanly ulgamy ulanmak boýunça tejribesi bilen hem tanyşdy.






