HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

KDR-da däp bolan dessurlar Ebola gyzdyrmasyna garşy göreşi kynlaşdyrýar

Iýul 24, 2026 | 14:20 |111
Çeşme: orient.tm

Çuňňur kök uran medeni däp-dessurlar epidemiologik howpsuzlyk talaplary bilen gapma-garşy gelende, ylalaşygyň bahasy adam ömri bilen ölçelýär. Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola wirusynyň nobatdaky ýaýrap, onlarça adamyň ömür tanapyny kesen mahaly, gadymy jaýlama dessurlary wirusyň ýaýramagyna sebäp bolýan howply faktora öwrülýär. Maşgalalar aradan çykan ýakynlaryny hormatlamak maksady bilen olaryň jesetlerini dogduk obasyna äkitmegi talap edýärler. Emma olar bu hormat alamatynyň täze ýokuşmalara ýol açyp biljekdigine köplenç düşünmeýärler. Ýerli häkimiýetler bolsa örän kyn saýlawyň öňünde dur: däp-dessurlary hormatlamakmy ýa-da islendik ýol bilen ölüm howply keseliň ýaýramagyny togtatmakmy. Keseliň merkezine öwrülen Beni şäherinde Ebola sebäpli pida bolanlaryň aglaba bölegi hassahanalaryň daşynda bolup geçýär.

Bu ýagdaý keselli adamlar bilen gatnaşygy bolanlary yzarlamagy we ýokanjyň ýaýramagynyň öňüni almagy ep-esli kynlaşdyrýar. Maşgalalar köplenç aradan çykan hassany däp boýunça jaýlamak üçin dogduk obasyna eltmegi talap edýärler, sebäbi bu aradan çykan adama uly hormatyň nyşany hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, epidemiýa döwründe bu däp örän howpludyr, sebäbi Ebola wirusy adam aradan çykandan soň hem biologik suwuklyklar arkaly ýokary derejede ýokançlygyny saklap galýar. “Epidemiýa wagtynda howp örän ýokary bolýar. Häkimiýetler Ebolanyň 17-nji ýaýramagyny yglan etdiler we ölümiň sebäbine garamazdan, jesetleriň dürli lukmançylyk zolaklarynyň arasynda geçirilmegini çäklendirýän çäreleri girizdiler. Her bir ölüm ýagdaýy jeset maşgalasyna tabşyrylmazdan ozal içgin derňelmeli we barlanylmaly”- diýip, Beni saglyk zolagynyň ýolbaşçysy Mişel Tosalisana aýtdy.

Berk düzgünlere garamazdan, köp maşgalalar aradan çykan ýakynlaryny dogduk obalaryna äkitmek baradaky talaplaryny dowam etdirýärler. Beni şäherinde howpsuz jaýlamalary üpjün edýän toparlar her gün täze ölüm ýagdaýlary barada habar alýarlar. Olaryň wezipesi Ebola güman edilýän ýa-da tassyklanan pidalaryň jesetlerini ähli howpsuzlyk düzgünlerini berjaý edip jaýlamaga taýýarlamakdyr. Şeýle-de bolsa, olar köplenç ýas tutýan garyndaşlaryň garşylygyna duçar bolýarlar. “Epidemiýa wagtynda toparlarymyz tarapyndan görülýän howpsuzlyk çäreleriniň hataryna işgärleriň goragyny üpjün etmek üçin şahsy gorag serişdeleriniň doly toplumyny ulanmak girýär” — diýip, Howpsuz we mynasyp jaýlama bölüminiň ýolbaşçysy Žan-Pol Kapitula aýtdy.

Halkara Migrasiýa Guramasy adamlaryň sebitleriň arasynda hereket etmeginiň wirusyň has giň ýaýramagyna getirip biljekdigini duýdurdy. Guramanyň maglumatlaryna görä, Ebola sebäpli ölümleriň tas üçden iki bölegi lukmançylyk edaralarynyň daşynda bolup geçýär. Bu bolsa gözegçilik we aragatnaşykda bolan adamlary çetleşdirmek işlerini kynlaşdyrýar. Şeýle hem gurama lukmançylyk zolaklarynyň araçäklerinden geçirilmäge synanyşylan 105 jesedi barlag-göýberiş nokatlarynda saklandygyny habar berdi. Gurama ilatyň howpsuz jaýlama çärelerinde doly hyzmatdaşlyk etmezden wirusyň ýaýramagynyň öňüni almagyň örän kyn boljakdygyny belleýär. Kongo Demokratik Respublikasy 1976-njy ýyldan bäri Ebola wirusynyň ýaýramagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Häzirki epidemiýa bolsa hasap boýunça 17-njisidir. Öňki ýyllaryň tejribesi wirusa garşy göreşde ilatyň ynamynyň gazanylmagynyň we sanitariýa düzgünleriniň, aýratyn-da jaýlama çäreleriniň berjaý edilmeginiň esasy ähmiýete eýedigini görkezdi.

“CCTV+”-niň habar bermegine görä, lukmançylyk işgärleri we ýerli häkimiýetler ilat arasynda düşündiriş işlerini dowam etdirýärler. Şeýle-de bolsa, asyrlarboýy dowam edip gelýän däp-dessurlary üýtgetmek köp wagt we seresaply çemeleşmäni talap edýär. Şeýle wagty bolsa epidemiýalaryň köplenç garaşmaga mümkinçiligi bolmaýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
KDR-da däp bolan dessurlar Ebola gyzdyrmasyna garşy göreşi kynlaşdyrýar

KDR-da däp bolan dessurlar Ebola gyzdyrmasyna garşy göreşi kynlaşdyrýar

14:20 Iýul 24, 2026
Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

Fransiýa 15 ýaşa çenli çagalar üçin sosial torlary gadagan etdi

21:00 Iýul 23, 2026
Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

Kanada ABŞ-nyň 50 göterimlik gümrük paçlaryna jogap çärelerini görjekdigini duýdurdy

19:30 Iýul 23, 2026