

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy durky täzelenýän Bitaraplyk binasy we şanly senäni bellemek boýunça maslahat geçirdi
15-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi



















