HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystan sanly bilim ulgamynda Google bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Fewral 14, 2025 | 22:00 |7424
Gyrgyzystanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we okuw prosesine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda möhüm ädim hökmünde 2024-nji ýylyň aprelinde GR bilim we ylym ministrligi bilen Google Ireland Limited kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldyGyrgyzystanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we okuw prosesine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda möhüm ädim hökmünde 2024-nji ýylyň aprelinde GR bilim we ylym ministrligi bilen Google Ireland Limited kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy
Çeşme: gov.kg

Gyrgyzystanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we okuw prosesine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda möhüm ädim hökmünde 2024-nji ýylyň aprelinde GR bilim we ylym ministrligi bilen Google Ireland Limited kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Bu Ähtnamany durmuşa geçirmegiň anyk ugurlary golaýda Gyrgyzystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň başlygy – Prezident Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýewiň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde Google kompaniýasynyň wekilleri bilen geçiren gepleşiklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga bilim ulgamynda Google şahamçasynyñ (Google for Education) ählumumy direktory Timoti Paolini we beýleki wekiller gatnaşdylar.

Gyrgyzystan Respublikasynyň Hökümetiniň resmi web sahypasynda habar berlişine görä, Ministrler Kabinetiniň başlygy sanlylaşdyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini we Google ýaly tehnologiýa liderleri bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Öz gezeginde, Google kompaniýasynyň wekilleri hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Duşuşygyň dowamynda bilim ulgamynyň sanly transformasiýasy babatynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, IT pudagynda iş orunlaryny döretmek, başlangyç taslamalary (startup) goldamak, sanly tehnologiýalar, emeli aň, kiberhowpsuzlyk ugurlarynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça pikir alşyldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026