HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Harbindäki gyşky Aziýa oýunlary taryhy netijeler bilen tamamlandy

Fewral 15, 2025 | 10:00 |6337
2025-nji ýylda Demirgazyk-Gündogar Hytaýyñ Heýlunszýan welaýatynyñ Harbin administratiw merkezinde geçirilen gyşky Aziýa oýunlary 14-nji fewralda taryhy netijeler bilen tamamlandy. Sebit üçin bu möhüm waka boldy, sebäbi oña Aziýanyñ 34 ýurdundan we sebitinden 1200-den gowrak türgenleri gatnaşdy. Bu hem gatnaşyjylaryñ sany boýunça rekord görkeziji boldy.2025-nji ýylda Demirgazyk-Gündogar Hytaýyñ Heýlunszýan welaýatynyñ Harbin administratiw merkezinde geçirilen gyşky Aziýa oýunlary 14-nji fewralda taryhy netijeler bilen tamamlandy. Sebit üçin bu möhüm waka boldy, sebäbi oña Aziýanyñ 34 ýurdundan we sebitinden 1200-den gowrak türgenleri gatnaşdy. Bu hem gatnaşyjylaryñ sany boýunça rekord görkeziji boldy.
Çeşme: russian.news.cn

2025-nji ýylda Demirgazyk-Gündogar Hytaýyñ Heýlunszýan welaýatynyñ Harbin administratiw merkezinde geçirilen gyşky Aziýa oýunlary 14-nji fewralda taryhy netijeler bilen tamamlandy. Sebit üçin bu möhüm waka boldy, sebäbi oña Aziýanyñ 34 ýurdundan we sebitinden 1200-den gowrak türgenleri gatnaşdy. Bu hem gatnaşyjylaryñ sany boýunça rekord görkeziji boldy.

Oýunlar 8 güniñ dowamynda geçirilip, 11 görnüş boýunça 64 ýaryşlary öz içine aldy. Olaryñ arasynda ilkinji gezek geçirilen garyşyk jübüt toparlarynda kýorling, ski-alpinizm we sinhron lyža fristaýl-akrobatika görnüşleri bar.

"Ýaz Harbini ýyladýar, söýgi Aziýany ruhlandyrýar" şygar astynda geçirilen ýapylyş dabarasyna HHR-iñ Döwlet geñeşiniñ premýeri Li Sýan gatnaşdy. Hytaýyñ ýygyndy topary 32 altyn, 27 kümüş we 26 bürünç medala eýe bolup, medal hasabynda birinji ýeri eýeledi. Oýunlaryñ guramaçylyk komitetiniñ başlygy Gao Çžidan bu oýunlaryñ agzybirlik we sport ussatlygynyñ ruhyny açyp görkezendigini aýtdy.

2029-njy ýylda gyşky Aziýa oýunlaryny taryhda ilkinji gezek Saud Arabystan kabul eder. Harbiniñ häkimi Wan Heşen Aziýanyñ Olipmiýa geñeşiniñ birinji wise-prezidenti Ho Çžentine baýdagy geçirdi, ol bolsa öz gezeginde tugy Saud Arabystanyñ Sport ministri hem-de Olimpiýa we Paralimpiýa komitetiniñ prezidenti Onuñ Alyhezreti şazada Abdul-Aziz ibn Türki Al-Feýsala gowşurdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026