HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy we Belarusyň Ilçisi dialogy işjeňleşdirmegiň ýollaryna garadylar

Fewral 14, 2025 | 23:50 |6553
14-nji fewralda, anna güni Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy14-nji fewralda, anna güni Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy
Çeşme: mejlis.gov.tm

14-nji fewralda, anna güni Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy.

Belarussiýaly diplomaty ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Şu nukdaýnazardan ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynynyň işine möhüm ähmiýet berilýär.

Taraplar Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmakda we güýçlendirmekde parlament diplomatiýasynyň uly ähmiýete eýedigi barada biragyzdan bellediler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026