

Stambulda güýçli garyñ ýagmagy zerarly ýüzlerçe gatnawlar ýatyryldy
Türkiýäniñ Ulag we infrastruktura ministrligi Stambulda 19-21-nji fewralda garaşylýan güýçli garyñ ýagmagy sebäpli Stambulyñ we Sabiha Gökçen howa menzillerinde ýüzlerçe gatnawlaryñ ýatyryljakdygy barada habar berdi. Hususan-da, Turkish Airlines, Pegasus we Ajet awiakompaniýalaryñ gatnawlary ýatyryldy. Şeýle hem, howa menzilleriñ geçirijilik ukybyny azaltmak barada karar kabul edildi.



















