HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şweýsariýanyň gazetinde Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygy hakynda makala çap edildi

Fewral 19, 2025 | 06:20 |4371
Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryny giň halkara jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen, Şweýsariýanyň öňdebaryjy neşirleriniň biri bolan – «Zeit-Fragen/Current Concerns» (Sýurih) gazetinde Türkmenistanyň Ilçisiniň üç makalasy çap edildiTürkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryny giň halkara jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen, Şweýsariýanyň öňdebaryjy neşirleriniň biri bolan – «Zeit-Fragen/Current Concerns» (Sýurih) gazetinde Türkmenistanyň Ilçisiniň üç makalasy çap edildi
Çeşme: Şweýsariýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryny giň halkara jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen, Şweýsariýanyň öňdebaryjy neşirleriniň biri bolan – «Zeit-Fragen/Current Concerns» (Sýurih) gazetinde Türkmenistanyň Ilçisiniň üç makalasy çap edildi. Bu makalalar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetine hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

«Zeit-Fragen/Current Concerns» halkara gatnaşyklary, geopolitika, diplomatiýa we howpsuzlyk meseleleri boýunça anyk derňewleri bilen tanalýan abraýly neşirdir. Neşir dünýäde durnukly ösüşi hem-de parahatçylykly hyzmatdaşlygy öňe sürýän döwletleriň başlangyçlaryny giňişleýin beýan etmek üçin platforma hökmünde hyzmat edýär.

Neşirde çap edilen makalalarda Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň taryhy ähmiýeti, ynanyşmak diplomatiýasynyň ösmegine goşandy hem-de ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak maksady bilen halkara proseslerdäki orny jikme-jik beýan edilýär. Şeýle hem, Türkmenistanyň öňe süren we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly konsepsiýasyna aýratyn üns berilýär.

Bu abraýly neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji we bitarap syýasatyna bagyşlanan makalalaryň çap edilmegi, halkara bilermenleriniň we analitikleriniň bu ugurda barha artýan gyzyklanmasynyň subutnamasydyr.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmennebit» DK: Hazar deňziniň türkmen bölegi maýadarlara çeýe şertnamalary we salgyt ýeňilliklerini hödürleýär

«Türkmennebit» DK: Hazar deňziniň türkmen bölegi maýadarlara çeýe şertnamalary we salgyt ýeňilliklerini hödürleýär

18:21 Oktýabr 01, 2026
Maliýe we ykdysadyýet ministri TIF 2026 forumynda Türkmenistanyň makroykdysady görkezijilerini beýan etdi

Maliýe we ykdysadyýet ministri TIF 2026 forumynda Türkmenistanyň makroykdysady görkezijilerini beýan etdi

18:18 Oktýabr 01, 2026
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026