HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Stambulda güýçli garyñ ýagmagy zerarly ýüzlerçe gatnawlar ýatyryldy

Fewral 19, 2025 | 14:40 |8177
Türkiýäniñ Ulag we infrastruktura ministrligi Stambulda 19-21-nji fewralda garaşylýan güýçli garyñ ýagmagy sebäpli Stambulyñ we Sabiha Gökçen howa menzillerinde ýüzlerçe gatnawlaryñ ýatyryljakdygy barada habar berdi. Hususan-da, Turkish Airlines, Pegasus we Ajet awiakompaniýalaryñ gatnawlary ýatyryldy. Şeýle hem, howa menzilleriñ geçirijilik ukybyny azaltmak barada karar kabul edildi.Türkiýäniñ Ulag we infrastruktura ministrligi Stambulda 19-21-nji fewralda garaşylýan güýçli garyñ ýagmagy sebäpli Stambulyñ we Sabiha Gökçen howa menzillerinde ýüzlerçe gatnawlaryñ ýatyryljakdygy barada habar berdi. Hususan-da, Turkish Airlines, Pegasus we Ajet awiakompaniýalaryñ gatnawlary ýatyryldy. Şeýle hem, howa menzilleriñ geçirijilik ukybyny azaltmak barada karar kabul edildi.
Çeşme: www.turkiyetoday.com

Türkiýäniñ Ulag we infrastruktura ministrligi Stambulda 19-21-nji fewralda garaşylýan güýçli garyñ ýagmagy sebäpli Stambulyñ we Sabiha Gökçen howa menzillerinde ýüzlerçe gatnawlaryñ ýatyryljakdygy barada habar berdi. Hususan-da, Turkish Airlines, Pegasus we Ajet awiakompaniýalaryñ gatnawlary ýatyryldy. Şeýle hem, howa menzilleriñ geçirijilik ukybyny azaltmak barada karar kabul edildi.

Haber.aero habar berişine görä, ministrligiñ resmi beýannamasynda gatnawlaryñ ýatyrylmagy bilen baglanyşykly kabul edilen çäreler bellenildi. Onda Stambulyñ howa menzilinde şu gün geçirijilik ukyby 15 %, anna güni, 21-nji fewralda bolsa 20 % azaldyljakdygy barada aýdylýar. Beýannamada şeýle diýilýär: "Turkish Airlines kompaniýasynyñ günde ortaça 1000 gatnaw amala aşyrýandygyny hasaba almak bilen, 19-njy fewralda 150-ä golaý gatnawyñ, 21-nji fewralda bolsa - 200-e golaý gatnawlaryñ ýatyrylmagyna garaşylýar. Bu sanlar döwrebap meteorologiýa şertlerine baglylykda anyklanylar".

Şeýle hem, beýannamada 19-njy fewralda Sabiha Gökçen howa menzilinde gatnawlaryñ ýatyrylmagy zerur däldigi, emma 20-nji fewralyñ gatnawlary üçin ätiýaçlyk çäresi hökmünde 10 % gatnawlaryñ ýatyrylmagy baradaky karara gelinendigi hakynda aýdylýar. Netijede, Pegasus-yñ 46, Ajet-yñ 22 gatnawyny ýatyrmak barada karar edildi. 21-nji fewralyñ gatnawlary barada bellenilse, ähli gatnawlar üçin ýatyrylmagyñ ätiýaçlyk 15 % göz öñünde tutulyp, munuñ çäginde Pegasus-yñ 68, Ajet-yñ 34 gatnawlary ýatyryldy.

Iki howa menzilinde-de ekipažlar üçin uçuş maksatnamalaryna täzeden seredildi, kyn çalşykly ekipažlar üçin bolsa düzedişler girizildi. Nobatçy ekipažlaryñ sanyna hem täzeden seredildi, operatorlar bolsa zerur bolan goşmaça güýçleri üpjün ederler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026