HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Beýik Britaniýa ýokary bilim babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giñeltmek barada maslahatlaşdylar

Fewral 19, 2025 | 12:15 |4085
Aşgabatda Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ wekilleriniñ Nottingem Trent uniwersitetiniñ (Beýik Britaniýa) wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.Aşgabatda Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ wekilleriniñ Nottingem Trent uniwersitetiniñ (Beýik Britaniýa) wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: studybridge.com.ua

Aşgabatda Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ wekilleriniñ Nottingem Trent uniwersitetiniñ (Beýik Britaniýa) wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Bu sapar Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ we Nottingem Trent uniwersitetiniñ arasyndaky hyzmatdaşlygyñ çäklerinde amala aşyryldy. Nottingem Trent uniwersitetine doktor Martin Sewior hem-de Sem Barkli wekilçilik etdiler.

Taraplar ýokary bilim babatda, hususan-da, iñlis diliniñ okadylyşyny kämilleşdirmek, mugallymlary taýýarlamak hem-de akademiki alyş-çalyş babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giñeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryñ işläp taýýarlanylmagynyñ hem-de sanly bilim gurallaryñ ornaşdyrylmagynyñ wajyplygy barada aýratyn bellenildi. Iñlis dili mugallymlary üçin okatmak usulyýetlerini kämilleşdirmäge hem-de okuw proseslerine innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen ussatlyk sapaklaryñ we seminarlaryñ geçirilmegine aýratyn üns çekildi.

Ozal Nottingem Trent uniwersitetiniñ wekilleriniñ Türkmenistanyñ degişli edaralary üçin hünäri ýokarlandyrmak boýunça okuwlary geçirendiklerini bellemeli.

Nottingem Trent uniwersiteti Beýik Britaniýanyñ öñdebaryjy döwlet ýokary okuw mekdepleriniñ biri bolup, ol 2019-njy ýylda iñ gowy uniwersitet diýlip yglan edildi. Bu ýokary okuw mekdebi özüniñ sungat, dizaýn, binagärlik, gurluşyk, işewürlik we ykdysadyýet boýunça maksatnamalary bilen meşhurdyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026