HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada "Demirgazyk-Günorta" halkara deñiz geçelgesine Demirgazyk deñiz ýoluny girzmegiñ zerurlygy barada aýtdylar

Fewral 19, 2025 | 11:32 |4517
Russiýada "Demirgazyk-Günorta" halkara deñiz geçelgesine Demirgazyk deñiz ýoluny girizmegiñ zerurlygy barada işjeñ maslahatlaşylýar diýip, TASS habar berýär.Russiýada "Demirgazyk-Günorta" halkara deñiz geçelgesine Demirgazyk deñiz ýoluny girizmegiñ zerurlygy barada işjeñ maslahatlaşylýar diýip, TASS habar berýär.
Çeşme: e-cis.info

Russiýada "Demirgazyk-Günorta" halkara deñiz geçelgesine Demirgazyk deñiz ýoluny girizmegiñ zerurlygy barada işjeñ maslahatlaşylýar diýip, TASS habar berýär.

Bilermenleriñ pikirine görä, şeýle ugruñ girizilmegi ýük akymyny ep-esli derejede artdyrmaga hem-de arktik sebitinde logistikany gowulandyrmaga ýardam berer. Murmansk oblastynyñ Polýarçylar birleşiginiñ ýerine ýetiriji direktory Alekseý Fadeýew bu geçelgä Demirgazyk deñiz ýolunyñ girizilmegi beýleki ýurtlary Arktikada alynýan tebigy serişdeler bilen üpjün etmekde täze mümkinçilikleri döredip biljekdigi barada belledi. Şeýle hem, bu arktik sebitlerinden mineral çig-mal serişdeleriniñ has netijeli çykarylmagyny üpjün etjek meridional ulag geçelgelerini ösdürmäge mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda Demirgazyk deñiz ýoly Murmansk we Petropawlowsk-Kamçatskiý ýaly nokatlarda işjeñ ulanylýar. Emma ony mundan beýläk ösdürmek üçin bu sebitleri Demirgazyk deñiz ýoly bilen birleşdirip biljek demir ýol ugurlaryny gurmak zerurdyr.

Demirgazyk deñiz ýoly rus Arktikasynda esasy deñiz aragatnaşygy bolup durýar. Ol Demirgazyk buz ummanyñ ugry bilen Russiýanyñ demirgazyk kenarlaryndan geçýär hem-de Russiýanyñ ýewropa we uzak gündogar portlaryny, şeýle hem gämi gatnawly sibir derýalarynyñ guýýan ýerlerini bitewi ulag ulgamyna birleşdirýär.

Uzynlygy 7 200 km barabar bolan "Demirgazyk-Gündogar" geçelgesini döretmek baradaky hökümetara ylalaşygyna 2000-nji ýylda Russiýa, Hindistan we Eýran tarapyndan gol çekildi. Geçelgäniñ günbatar gämi gatnawly şahasy Azerbaýjanyñ çäginden, gündogar bölegi - Türkmenistanyñ we Gazagystanyñ çäklerinden geçýär. Suw ugry bolsa Hazar deñzi boýunça geçýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026