

“Türkmennebit” we Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd. şertnamany ýene-de 10 ýyl uzaltdylar
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň binasynda “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd. kompaniýasynyň arasynda gol çekmek dabarasy boldy. Bu kompaniýa Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň (ÖPY) şertlerinde Hazar deňziniň türkmen böleginde nebiti we gazy çykaryp almak işlerini ýerine ýetirýär.




















