

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri Çolpon-Atada duşuşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana geldi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Gyrgyzystana geldi.


Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri Konsultatiw duşuşyk geçirýärler diýip, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýärler. Resmi salamlaşma dabarasyndan soň, giňişleýin görnüşde mejlis başlandy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Gruziýanyň premýer-ministri Irakliý Garibaşwili bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we geljegi, bilelikdäki şertnamalary öňe sürmek barada pikir alyşdy.


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagyndaky täze ýokary okuw mekdebi 2025-2026-njy okuw ýylyndan talyplary kabul edip başlar.


Sişenbe güni, 19-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $5,1 mln we 398,3 müň manat bolan 14 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Çarşenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda gurlan energetika enjamlaryna hyzmat etmäge niýetlenilen täze senagat desgasyna baryp, Merkezi Aziýada şunuň ýaly ilkinji desganyň işe giriziliş dabarasyna gatnaşdy.


Türkmenistan hem-de Gruziýa göni howa gatnawyny açmak barada ylalaşdylar – Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Garibaşwiliniň Aşgabada saparynyň çäklerinde iki ýurduň wekilleri tarapyndan ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga gol çekildi.


Aşgabatda geçirilen Halkara ulag forumynyň iş maksatnamasynyň çäklerinde dürli ýurtlaryň ulag ulgamlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler geçirildi.


Duşenbe güni, 18-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurtlara umumy bahasy $25,5 million we 32 million manat bolan 48 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny ösdürmäge goşandy üçin ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryň sylaglanyş dabarasy geçirildi.


Şu gün Aşgabatda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly halkara maslahatynda Türkmenistanyň döwlet ulag agentlikleriniň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary daşary ýurtly hyzmatdaşlary we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler.


Türkmenistan strategik maksada ýetmek üçin sebitiň ýurtlarynyň ulag kuwwatyny amala aşyrmak hem-de birleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Şol strategiki maksat Aziýanyň, Ýewropanyň hem-de Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirip bilýän häzirki zaman düzümleri döretmekden ybaratdyr.


Koronawirus pandemiýasy, Türkmenistanyň sebit üçin möhüm transport we üstaşyr merkezi hökmünde ägirt uly ähmiýetini aç-açan görkezdi diýip, Aşgabatda geçirilen maslahatda Halkara Ulagçylar Assosiasiýasynyň (UND Türkiýe) ýerine ýetiriji komitetiň başlygynyň hasabatyny hödürlän Assosiasiýasynyň wekili Alper Ozel aýtdy.


Demir ýollar hyzmatdaşlyk guramasynyň (DÝHG) komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç ulag-üstaşyr geçelegeleri boýunça Aşgabatda geçirilýän halkara forumyna sanly ulgam arkaly gatnşyp, Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolynyň aýratyn ähmiýetini belledi.


Türkmenbaşy şäheriniň halkara deňiz porty, soňky ýyllarda onlarça hususy kompaniýalaryň döredilen ýeri bolan Türkmenistanyň ulag-logistika pudagynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny öňe ilerletdi. Hususan-da, ýerli kompaniýalaryň 35-si port bilen hyzmatdaşlyk edýärler hem-de onuň ýaşyl düzümleriniň ösmegine uly ýardam berýärler.