TSTB-niň ÝOM 2025-nji ýyldan talyplary kabul edip başlar
Iýul 21, 2022 | 18:30 |9140


Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagyndaky täze ýokary okuw mekdebi 2025-2026-njy okuw ýylyndan talyplary kabul edip başlar.
Bu barada Aşgabatda ÝOM-niň düýbüni tutmak dabarasynda mälim boldy.
Täze ýokary okuw mekdebinde taýýarlygyň esasy ugurlary telekeçilik, menejment we maglumat tehnologiýalary bolar.
Täze ÝOM dört okuw binasyndan we her biri 300 adamlyk iki sany umumy ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolar. Toplumda kitaphana, naharhana, ýapyk we açyk sport toplumlary-da ýerleşer.
Bu uly desganyň gurluşygyny “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasy amala aşyrýar. Ol Türkmenistanda ilkinji döwlete degişli bolmadyk karz serişdelere gurlan ÝOM bolar.
ORIENT news








