HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BelTa: Belorussiýada ýokary okuw jaýlaryna kabul etmegiň Tertibiniň täze redaksiýasy tassyklandy

Ýanwar 04, 2023 | 22:24 |7897
Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýokary we ýörite ýokary bilim almak üçin adamlary kabul etmegiň Tertibiniň täze redaksiýasyny tassyklady – diýip, BelTA habar berýär.Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýokary we ýörite ýokary bilim almak üçin adamlary kabul etmegiň Tertibiniň täze redaksiýasyny tassyklady – diýip, BelTA habar berýär.
Çeşme:

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýokary we ýörite ýokary bilim almak üçin adamlary kabul etmegiň Tertibiniň täze redaksiýasyny tassyklady – diýip, BelTA habar berýär.

Resminama laýyklykda halkara we respublika olimpiadalarynyň, uniwersitet bäsleşikleriniň ýeňijileri, syn ediji geňeşiň maslahat bermeginiň esasynda Milli çagalar tehnoparkynyň uçurymlary, uniwersitetleriň ýanyndaky liseýleriň uçurymlary, şeýle hem Russiýada ýeke-täk döwlet synagyny tabşyranlar hiç hili giriş synagsyz kabul edilýärler.

Şeýle hem harby gullukçylaryň, içeri işler edarasynyň, öz gulluk borjuny ýerine ýetirýän wagtynda maýyplyga duçar bolanlaryň çagalary, harby-patriotiki klubda terbiýelenler Goranmak ministrliginiň, Döwlet serhet komitetiniň ýokary okuw jaýlaryna we harby fakultetlere bäsleşiksiz esasda kabul edilýärler.

Çeşmäniň habar bermegine görä, bu Tertipde göz öňünde tutulan düzgünler dalaşgärleriň bilimine berilýän bahanyň hakykatçylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir we ýokary okuw jaýlaryna girmekde deň mümkinçilikleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Olar şeýle hem ýurduň ykdysadyýeti tarapyndan isleg bildirilýän hünärmenleri almak üçin has taýýarlanan we höwesli dalaşgärleriň saýlanyp alynmagyna ýardam eder.

Dalaşgärler we olaryň ata-eneleri üçin täze kabul edilen düzgünler boýunça gerekli düşündiriş işleri geçiriler. Bilim ministrligi gysga wagtyň içinde permanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek boýunça guramaçylyk-usuly çäreleriň toplumyny üpjün eder.

ORIENT habarlar
Surat: belta.by

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026
Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

08:07 Awgust 25, 2026