

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa


Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygynyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


“Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji we 11-nji maddalaryny ýerine ýetirmek hem-de howply önümçilik desgalarynyň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek, şeýle hem howply önümçilik desgalarynda heläkçilikleriň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


Şu gün ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen türkmen-russiýa işewürler forumy Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy.


Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugran hormatly Prezidentimiziň uçary biraz salymdan Mary şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerden “Galkynyş” gaz känine tarap ugrady.


Russiýanyň nebit kompaniýalary Türkmenistanda ýataklary özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga taýýardyr - diýip, Russiýanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.


Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Rus ykdysady operatorlary Owganystanyň içerki ýagdaýlarynyň durnuklaşmagyna baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna we ulanylyşyna gatnaşyp biler. Bu barada penşenbe güni RF-niň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulowyň ozal Kabula bolan saparynyň netijeleri boýunça RF-niň DIM-niň ýaýradan habarynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.


RF we Türkmenistan bilelikdäki ýol taslamasyny – Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugrundan awtoulag ýoluny gurmagy maslahatlaşýar diýip, RF-niň premýer-ministri Mihail Mişustin penşenbe güni Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik forumynda çykyş edende habar berdi.


Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin Türkmenistanyň paýtagtynda A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki orta umumybilim berýän türkmen-rus mekdebine baryp görüp, Aşgabadyň gözelliginiň özüni haýran galdyrandygyny aýtdy. Bu barada RIA nowosti habar berýär.


Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin penşenbe güni türkmen-rus işewür forumynda eden çykyşynda “Russiýa we Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesini (ITC) ösdürmek we doly güýje girizmek üçin iş alyp barýandygyny” aýtdy.


Özbegistanda ilkinji gezek siýam ekizlerini aýyrmak boýunça üstünlikli operasiýa geçirildi. Gyrgyzystanly bäş aýlyk ekizleriň ene-atasy Daşkentdäki Respublikan perinatal merkezinde neonatal hirurgiýa üçin okuw-bejeriş-usulyýet merkezine ýüz tutdular, bu ýerde özbek hirurglary çylşyrymly lukmançylyk amallaryny ýerine ýetirdiler - diýip, ýurduň Saglyk ministrliginiň Telegram kanaly habar berýär.


Russiýanyň hökümet başlygy Mihail Mişustin wise-premýer Marat Husnulline we Bilim ministri Sergeý Krawsowa Aşgabatdaky Puşkin adyndaky türkmen-rus orta bilim mekdebini giňeltmek meselesini çözmegi tabşyrdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.


Türkmen wekiliýeti 2023-nji ýylyň 18-23-nji maýy aralygynda Kazanda geçiriljek “Russiýa – Yslam dünýäsi” Halkara ykdysady forumyna gatnaşar. Türkmenistany abraýly çärä Tatarystan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary, ýurduň senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko çagyrdy, ol RF-niň türkmen-rus ykdysady forumyna gatnaşýan wekiliýetiniň düzüminde Aşgabatda bolýar.


Google kompaniýasy ýiten zatlary gözläp tapmak üçin akylly maýak çykarar. Gurluşy olar ýitmez ýaly açara, goş-golama we şuňa meňzeş beýleki zatlara birikdirip bolýar. Gurluş telefon bilen birikdirilenden soň, ol zatlaryň ýerleşýän ýerini görkezer – diýip, Android Authority salgylanyp, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýazýar.