HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

RF öz ykdysady operatorlaryna TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna we ulanylyşyna gatnaşmaga ygtyýar berýär

Ýanwar 20, 2023 | 02:37 |7893
Rus ykdysady operatorlary Owganystanyň içerki ýagdaýlarynyň durnuklaşmagyna baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna we ulanylyşyna gatnaşyp biler. Bu barada penşenbe güni RF-niň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulowyň ozal Kabula bolan saparynyň netijeleri boýunça RF-niň DIM-niň ýaýradan habarynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.Rus ykdysady operatorlary Owganystanyň içerki ýagdaýlarynyň durnuklaşmagyna baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna we ulanylyşyna gatnaşyp biler. Bu barada penşenbe güni RF-niň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulowyň ozal Kabula bolan saparynyň netijeleri boýunça RF-niň DIM-niň ýaýradan habarynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.
Çeşme: orient.tm

Rus ykdysady operatorlary Owganystanyň içerki ýagdaýlarynyň durnuklaşmagyna baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna we ulanylyşyna gatnaşyp biler. Bu barada penşenbe güni RF-niň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulowyň ozal Kabula bolan saparynyň netijeleri boýunça RF-niň DIM-niň ýaýradan habarynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

“Owganystandaky ýagdaýlaryň durnuklaşmagyna baglylykda, ýurduň ykdysady operatorlarynyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna we ulanylyşyna, şeýle hem Owganystanyň çäklerinde SSSR döwründe gurlan iri düzümleýin taslamalaryň täzeden dikeldilmegine gatnaşmak mümkinçiligi bolar” diýlip, RF-niň DIM-niň habarynda bellenilýär.

12-13-nji ýanwarda Russiýanyň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Kabulda saparda bolup, Owganystanyň daşary işler ministri Amir Mottaki hem-de ýurduň ýolbaşçylar ulgamynyň beýleki wekilleri bilen maslahatlaşmalary geçirdi.

Söwda-ykdysady, medeni-bilim we ynsanperwer aragatnaşyklaryň ösdürilmegine ähmiýet bermek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň tutuş toplumy boýunça möhüm gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kabul bilen, şol sanda Owganystandaky ynsanperwer ýagdaýlary gowulandyrmak maksady bilen, ähli taraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegi Moskwanyň yzygiderli maksat edinýändigi tassyklanyldy. Energetika, oba hojalygy, ulag, infrastruktura, senagat, gazylyp alynýan peýdaly magdanlary işlemek ýaly pudaklarda, hususan-da, owgan kompaniýalaryna rus ýangyjyny we oba hojalyk önümlerini täjirçilik taýdan yzygiderli ibermegi guramakda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üns merkezinde durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026