HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy

Ýanwar 20, 2023 | 03:47 |4659
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygynyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygynyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: Watan

Türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygynyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen bazarynda iri meşhur kompaniýalaryň üstünlikli hereket edýändigini, olaryň hatarynda Tatarystanyň “KamAZ”, “Tatneft”, “KER-holding”, “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” we beýlekileriň möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Ynsanperwer ugurdaky, şol sanda ylym we bilim ulgamlarynda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar

Şeýle hem Tatarystanyň Baştutanynyň Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu saparyň türkmen-tatar dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Rustam Minnihanow şunuň ýaly mukaddes çärä gatnaşmaga çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de täze metjidiň Ahal welaýatynyň merkeziniň binagärlik keşbine özboluşly öwüşgin çaýjakdygyna ynanýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň uly geljeginiň bardygyny we ynanyşmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

21:00 Oktýabr 30, 2026
Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

19:00 Oktýabr 30, 2026
Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

17:00 Oktýabr 30, 2026