HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aleksandr Nowak Türkmenistanyň ýangyç-energenika toplumy boýunça premýer-ministriň orunbasary bilen mümkin bolan bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdy

Ýanwar 20, 2023 | 03:17 |6660
Russiýanyň nebit kompaniýalary Türkmenistanda ýataklary özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga taýýardyr - diýip, Russiýanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.Russiýanyň nebit kompaniýalary Türkmenistanda ýataklary özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga taýýardyr - diýip, Russiýanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: government.ru

Russiýanyň nebit kompaniýalary Türkmenistanda ýataklary özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga taýýardyr - diýip, Russiýanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

“Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowak Aşgabatda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow bilen iş duşuşygyny geçirdi.

Taraplar Russiýa bilen Türkmenistanyň nebit-gaz, elektrik energiýasy pudagynda, şeýle-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we parahatçylykly atom pudagyndaky özara gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar" – diýlip, habarda bellenilýär.

Rus kompaniýalary enjamlar bilen üpjün etmek babatda içerki potratçylaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň elektrik energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrundaky hyzmatlaryny hödürleýärler. Nebit kompaniýalary Türkmenistanda ýataklary özleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga taýyn. Şeýle hem, taraplar nebit we gaz üpjünçiligi pudagyndaky hyzmatdaşlygy, gaz infrastrukturasyny gurmak we Hazar deňzinde daşky gurşaw howpsuzlygyny goramak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Nowak Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň wagtyň synagyndan geçen we köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen bagly köne dostlardygyny, ygtybarly hyzmatdaşlardygyny, aýtdy.

Nowak: "Moskwa we Aşgabat deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini göz öňünde tutmak esasynda hyzmatdaşlygy hasam giňeltmäge taýýardyr" - diýdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026