HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa we Türkmenistan Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini doly kuwwatyna çykarmagyň üstünde işleýär

Ýanwar 20, 2023 | 01:07 |6517
Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin penşenbe güni türkmen-rus işewür forumynda eden çykyşynda “Russiýa we Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesini (ITC) ösdürmek we doly güýje girizmek üçin iş alyp barýandygyny” aýtdy.Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin penşenbe güni türkmen-rus işewür forumynda eden çykyşynda “Russiýa we Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesini (ITC) ösdürmek we doly güýje girizmek üçin iş alyp barýandygyny” aýtdy.
Çeşme: Suleiman Charyev

Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin penşenbe güni türkmen-rus işewür forumynda eden çykyşynda “Russiýa we Türkmenistanyň Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesini (ITC) ösdürmek we doly güýje girizmek üçin iş alyp barýandygyny” aýtdy.

Şeýle-de ol halkara transport ugurlarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy. “Bu ýerde biziň pozisiýamyz türkmen kärdeşlerimiziň çemeleşmelerine doly gabat gelýär. Demirgazyk-Günorta halkara transport koridoryny ösdürmek we doly güýje getirmek üçin bilelikde işleýäris" – diýip, Mişustin belläp geçdi.

Onuň sözlerine görä, bu infrastruktura, hyzmat we söwda-logistika merkezleriniň gurluşygy we deňiz portlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly işewürlik üçin giň mümkinçilikleri açar.

Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri penşenbe güni Aşgabat şäherine geldi we rus-türkmen işewürler forumynyň umumy mejlisine gatnaşdy. 20-nji ýanwarda Mişustiniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleri meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Azerbaýjan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Azerbaýjan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

18:30 Oktýabr 15, 2026
Beauty Istanbul 2027: türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek halkara gözellik sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Beauty Istanbul 2027: türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek halkara gözellik sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

18:23 Oktýabr 15, 2026
Daşkentde häzirki zaman sungatynyň XI halkara biennalesi: esasy wakalar we geçiriljek meýdançalar

Daşkentde häzirki zaman sungatynyň XI halkara biennalesi: esasy wakalar we geçiriljek meýdançalar

18:19 Oktýabr 15, 2026