Mişustin Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebini giňeltmek meselesini çözmegi tabşyrdy


Russiýanyň hökümet başlygy Mihail Mişustin wise-premýer Marat Husnulline we Bilim ministri Sergeý Krawsowa Aşgabatdaky Puşkin adyndaky türkmen-rus orta bilim mekdebini giňeltmek meselesini çözmegi tabşyrdy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.
Mişustin Türkmenistanyň paýtagtyna saparynyň dowamynda rus standartlaryna laýyklykda bilim berýän bu mekdebe baryp gördi. Premýer-ministr mugallymlar we ýokary synp okuwçylary bilen söhbetdeş boldy.
Duşuşygyň ahyrynda mekdebiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Irina Kuminowa başlangyç synplar üçin täze binanyň gurluşygyna kömek bermek haýyşy bilen Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygyna ýüzlendi.
Mugallymlar Türkmenistanyň çagalarynyň bu mekdepde okamak islegleriniň ýylsaýyn artýandygyny, synplaryň doludygyny we täze okuwçylary kabul etmek mümkinçiliginiň tükenendigini aýtdylar. Käbir synplarda mugallymlaryň aýtmagyna görä, eýýäm 40 okuwçy bar.
Bu babatda Mişustin premýer-ministriň orunbasary Husnulliniň wekiliýetiň düzüminde bolmagynyň ýöne ýerden däldigini aýtdy. "Ol hemmelerden çalt we ýokary hilli gurýar" –diýip, hökümet başlygy degişdi.
Mişustin Ministrler Kabinetine Aşgabatdaky Puşkin adyndaky mekdebi giňeltmek baradaky görkezmäniň dekabr aýynda berlendigini ýatlatdy.
Premýer-ministr Husnulline we Krawsowa ýüzlenip: "Biz ähli taraplary (bu kararyň), maliýe we ykdysady esaslandyrmany göz öňünde tutmalydyrys, hemme zady gözden geçirip, çözgüdi taýýar etmeli" - diýdi.
Bilim ministri bu taslamany şahsy gözegçilik astyna almagy wada berdi. Mişustin mekdebiň hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýazgy galdyrdy we mekdebiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetirijiniň “gymmatly” diýip atlandyran A.S.Puşkiniň doly goşgular ýygyndysyny mekdebiň kitaphanasyna sowgat etdi.
ORIENT news








