Habarlar

Oleg Kononenko HKS-den gaýdyp gelen Anna Kikinany garşy aldyOleg Kononenko HKS-den gaýdyp gelen Anna Kikinany garşy aldy

Oleg Kononenko HKS-den gaýdyp gelen Anna Kikinany garşy aldy

Watandaşymyz, Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, “Roskosmos” korporasiýasynyň kosmonawtlar bölüminiň birikme serkerdesi Oleg Kononenko Anna Kikinany gül dessesi bilen garşy aldy. Ol Halkara kosmos stansiýasyndaky ekspedisiýadan soň Russiýa gaýdyp geldi. Şu gün irden ýörite uçar “Roskosmos” korporasiýasynyň bölüminiň ýeke-täk zenan kosmonawty bilen Domodedowo howa menzilinde gondy.

Türkmenistan we Lýuksemburg ykdysady gatnaşyklary giňelder, şol sanda IT ulgamynda-daTürkmenistan we Lýuksemburg ykdysady gatnaşyklary giňelder, şol sanda IT ulgamynda-da

Türkmenistan we Lýuksemburg ykdysady gatnaşyklary giňelder, şol sanda IT ulgamynda-da

Türkmenistanyň Belgiýadaky, Gollandiýadaky we Lýuksemburgdaky ilçisi Sapar Pälwanow Lýuksemburgyň Söwda palatasynyň Halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Sindi Tereba bilen duşuşdy. Diplomat, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan täze Türkmen şäheriniň – Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Pälwanow bu şäheriň ýurdymyzda ilkinji bolup «akylly», ekologiýa taýdan arassa şäher statusyna eýe boljakdygyny belläp, Lýuksemburg kompaniýalaryny sanlylaşdyrma, IT pudagynda ýokary tehnologiýaly çözgütleri ulanyp bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga, şeýle hem «smart sity» ulgamlaryny dolandyrmak pudagynda özara gatnaşyklaryň mümkinçiligini öwrenmäge çagyrdy.

Si Szinpin Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde birinji sammite gatnaşmagyny mübärekleýärSi Szinpin Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde birinji sammite gatnaşmagyny mübärekleýär

Si Szinpin Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde birinji sammite gatnaşmagyny mübärekleýär

HHR we Merkezi Aziýa ýurtlary “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde geçiriljek birinji sammitde ägirt uly hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda aýdylýar.

Nowruz Buharestde «Täze gün, Täze ýaşaýyş» sergisi bilen bellendiNowruz Buharestde «Täze gün, Täze ýaşaýyş» sergisi bilen bellendi

Nowruz Buharestde «Täze gün, Täze ýaşaýyş» sergisi bilen bellendi

Anna güni Buharestde Türkmenistanyň, Eýranyň we Hindistanyň medeni mirasy we ykdysady üstünlikleri barada gürrüň berýän reňkli ekspozisiýa açyldy. Nowruz baýramyna – baharyň gije-gündiziň deşleşýän gününe bagyşlanan, her ýyl geçirilýän «Täze gün, Täze ýaşaýyş» atly sergi-ýarmarkasy, bu ýurtlaryň Rumyniýadaky ilçihanalary tarapyndan ARCUB medeni merkeziniň kömegi bilen gurnaldy, – diýip Buharestdäki türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugatynda aýdylýar.

Kataryň işewür toparlary Türkmenistanda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde gyzyklanma bildirýärlerKataryň işewür toparlary Türkmenistanda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde gyzyklanma bildirýärler

Kataryň işewür toparlary Türkmenistanda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde gyzyklanma bildirýärler

Prezident Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda depginli ösüşe eýe bolan Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky pugta gatnaşyklara ýokary baha berdi. "Häzirki döwürde türkmen-katar gatnaşyklaryny ýurtlarymyzyň eýe bolan düýpli ykdysady mümkinçiliklerine laýyk gelýän derejä çykarmak üçin ähli zerur şertler bar" - diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany “Sheraton Grand Doha Resort and Convention” myhmanhanasynda Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşynda aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň emiri giňeldilen we dar formatda gepleşikler geçirdiTürkmenistanyň Prezidenti we Kataryň emiri giňeldilen we dar formatda gepleşikler geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň emiri giňeldilen we dar formatda gepleşikler geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Kataryň emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Doha şäherinde resmi gepleşikler geçirdi. Olar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary we ähli ugurlarda, esasanam bilim, ykdysadyýet, maýa goýum, söwda, energetika, sport we jemgyýetçilik meselelerinde ösüş ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar we iň möhüm sebit we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar.