HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kataryň işewür toparlary Türkmenistanda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde gyzyklanma bildirýärler

Mart 20, 2023 | 23:09 |9509
Prezident Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda depginli ösüşe eýe bolan Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky pugta gatnaşyklara ýokary baha berdi. "Häzirki döwürde türkmen-katar gatnaşyklaryny ýurtlarymyzyň eýe bolan düýpli ykdysady mümkinçiliklerine laýyk gelýän derejä çykarmak üçin ähli zerur şertler bar" - diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany “Sheraton Grand Doha Resort and Convention” myhmanhanasynda Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşynda aýtdy.Prezident Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda depginli ösüşe eýe bolan Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky pugta gatnaşyklara ýokary baha berdi. "Häzirki döwürde türkmen-katar gatnaşyklaryny ýurtlarymyzyň eýe bolan düýpli ykdysady mümkinçiliklerine laýyk gelýän derejä çykarmak üçin ähli zerur şertler bar" - diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany “Sheraton Grand Doha Resort and Convention” myhmanhanasynda Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşynda aýtdy.
Çeşme: raya.com

Prezident Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda depginli ösüşe eýe bolan Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky pugta gatnaşyklara ýokary baha berdi. "Häzirki döwürde türkmen-katar gatnaşyklaryny ýurtlarymyzyň eýe bolan düýpli ykdysady mümkinçiliklerine laýyk gelýän derejä çykarmak üçin ähli zerur şertler bar" - diýip, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany “Sheraton Grand Doha Resort and Convention” myhmanhanasynda Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşynda aýtdy.

– “Katar Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlaryndan biridir we bu duşuşyga Kataryň köpsanly işewürleriniň gatnaşmagy olaryň türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini görkezýär” – diýip, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda maýa goýmak üçin dürli pudaklarda, ilkinji nobatda, gaýtadan dikeldilýän energiýa we şäher gurluşygy, senagat, oba hojalygy we dokma senagaty pudaklarynda köp mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi.

2.jpg

Prezident Berdimuhamedow Katar kompaniýalarynyň ünsüni tebigy baýlyklara baý we olary doly ulanmagy maksat edinýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň durmuşa geçirýän transport ulgamlarynyň we gaz geçirijileriniň halkara taslamalaryna gatnaşmak mümkinçiligine gönükdirdi. Bu ugurda “Qatar Petroleum” ýaly iri arap nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň uly geljegi bar.

Şeýle hem, Türkmenistan Kataryň maliýe ulgamy, ätiýaçlandyryş we gazna biržalary babatynda toplan baý tejribesini öwrenmek we peýdalanmak babatda gyzyklanma bildirýär.

Prezident iki ýurduň işewürlerine bilelikde işewürler geňeşini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň guraly hökmünde çykyş edýän şu ýyl Aşgabat şäherinde nobatdaky mejlisi geçiriljek Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň ornuny aýratyn belläp geçdi.

Döwlet baştutanynyň pikiriçe, bu iki ýurduň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygyny ýola goýmak nukdaýnazaryndan oňyn ädim bolar. Şeýle-de, Türkmenistanyň lideri ýurtlarymyzyň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, Hazar deňzinde nebit we gaz önümçiligi, nebithimiýa we gazhimiýa pudaklarynda häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, halkara energetika taslamalaryna bilelikde gatnaşmak ýaly mümkinçilikleri seljermegiň zerurdygy nygtady.

3.jpg

Katar palatasynyň birinji wise-prezidenti Muhammet bin Tawar Al Kuwari Katar bilen Türkmenistanyň ýakyn gatnaşyklarynyň bardygyny, muny ýolbaşçylar, hökümet işgärleri we hususy pudagyň wekilleri derejesinde özara saparlaryň mysalynda, şeýle hem iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda gol çekilen şertnamalar we özara düşünişmek barada memorandumlar arkaly görmek bolýandygyny aýtdy. Muňa garamazdan, bu özara söwda we hyzmatdaşlygyň doly mümkinçiliklerini görkezmeýär, ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurtda-da amatly maýa goýum mümkinçiligi bar.

Ol katar we türkmen hususy pudaklarynyň hyzmatdaşlygy, söwda bileleşiklerini we maýa goýum taslamalaryny döretmek arkaly, bu gatnaşyklary ösdürmekde möhüm rol oýnap biljekdigini belläp, iki ýurduň kompaniýalaryny gatnaşyklary giňeltmäge, iki ýurduň arasyndaky berk gatnaşyklardan we ähli pudaklara maýa goýmagy höweslendirýän iş gurşawyndan peýdalanmaga çagyrdy.

Muhammet bin Tawar Al Kuwari türkmen kompaniýalaryny dünýä derejesindäki infrastrukturany, özüne çekiji ykdysady kanunlary göz öňünde tutup, Katara maýa goýmaga çagyrdy. Bu logistika, erkin we senagat zolaklarynyň barlygyndan başga-da, esasanam Kataryň 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatyny üstünlikli kabul etmeginden soň has-da aktual häsiýete eýe boldy.

Ol Kataryň hususy pudagynyň oba hojalygy, senagat, syýahatçylyk, gozgalmaýan emläk, banklar we ş.m. ýaly türkmen kärdeşleri bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny goldaýandygyny we Türkmenistanda bar bolan maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge taýýardygyny mälim etdi.

Kataryň Telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň geňeş agzasy Şeýh Nawaf bin Naser Al-Tani soňky onýyllykda iki ýurduň resmi adamlarynyň arasynda ikitaraplaýyn gyzyklanmanyň derejesini görkezýän özara saparlaryň köpelendigini aýtdy.

Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde 17-den gowrak ylalaşyga we özara düşünişmek barada ähtnamalara, şol sanda ykdysady, söwda, medeni we sport ugurlarynda hyzmatdaşyk boýunça resminamalara gol çekildi.

Şeýle hem, ol Kataryň Telekeçiler birleşmesiniň Türkmenistanyň wajyp maýa goýum taslamalaryny kesgitlemek üçin bilelikde topar döretmek maksady bilen türkmen döwletiniň maýa goýum mümkinçiliklerini çuňňur öwrenmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda köpsanly anyk teklipler öňe sürüldi, şol sanda Kataryň iň uly ulag-logistika kompaniýalaryndan biriniň Aşgabatda wekilhanasynyň açylmagy teklip edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026