Timur Bekmambetow meşhur Hoja Nasreddin hakynda türk-rus animasion filmini surata düşürer


Gündogaryň meşhur folklor gahrymany Hoja Nasreddiniň hormatyna atlandyrylan täze animasion filmiň taslamasy Türkiýäniň, Özbegistanyň we Gazagystanyň studiýalary tarapyndan goldanyldy. Film rus kino režissýory Timur Bekmambetow tarapyndan surata düşüriler - diýip, TASS habar berýär.
Türkiýäniň “Yerli Düşünce Broadcast Media Ltd.” kompaniýasy we Türk radio we telewideniýe korporasiýasy (TRT teleýaýlymy) “Bazelews” studiýasynyň meşhur erteki gahrymany baradaky animasiýa filmini maliýeleşdirer we ony ýurduň çäginde ýaýratmak hukugyny alar. Taslama Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda kino ulgamynda döredilen ilkinji iri önüm bolar. Türkiýe Respublikasy Hoja Nasreddiniň başdan geçirmeleri baradaky multfilm taslamasyny goldan üçünji ýurt boldy. “Bazelews” studiýasy ozal Özbegistanyň Milli kinematografiýa agentligi we Gazagystanyň “Kazahfilm” studiýasy bilen önümçilik ylalaşygyny baglaşypdy.

Ýeri gelende aýtsak, täze filmiň önümçiligi bu döwletleriň çäklerinde hem alnyp barlar, şeýle hem “Bazelews” studiýasy taslamanyň çäklerinde bu ýurtlarda we Türkiýede Timur Bekmambetowyň animasiýa mekdeplerini açmagy meýilleşdirýär. Sungat ojaklarynda rus hünärmenleri tarapyndan ýerli artistlere 3D animasiýa hünäri boýunça sapak berler – diýlip, habarda bellenilýär.
"Hoja Nasreddin" multfilmi Bekmambetowyň şu ýylyň başynda Moskwadaky Milletler teatrynda görkezilen adybir sahna oýnunyň esasynda düşüriler. Spektaklda gurjaklara Ýewgeniý Mironow, Konstantin Habenskiý, Wiktor Weržbiskiý, Igor Zolotowiskiý, Çulpan Hamatowa, Ýelizaweta Boýarskaýa we Inga Oboldina tarapyndan ses berildi. Aktýorlaryň täze animasiýa taslamasynyň işine hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Hoja Nasreddin Ependi gündogar halklarynyň, Ortaýer deňziniň we Balkan ýurtlarynyň käbir halklarynyň folklor gahrymany hasaplanýar. Ol gülkiniň, henegiň, şorta sözleriň ussady hökmünde tanalypdyr.
2020-nji ýylda Hoja Nasreddin Ependi bilen baglanyşykly şorta sözleri gürrüň bermek däbini Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň umumy gymmatlygy hökmünde ÝUNESСO-nyň sanawyna girizmek barada arza berildi.
ORIENT news








